Makron Ukraina Goşun Ugradylyp Bilinjekdigini Beýan Etdi

Makron Ukraina Goşun Ugradylyp Bilinjekdigini Beýan Etdi

Makron “Ze Ekonomist” gazetine interwýu berdi.

Makron beýannamasynda; Ozalam aýdyşym ýaly ähli ähtimallyklary göz öňünde tutýaryn. Sebäbi garşydaşymyz ähli ähtimallyklary göz öňünde tutýar. Hüjümçä garşy çärelerimiziň çägini ikirjiňli kesgitledik” diýdi.

Makron şeýle hem Ýewropanyň “Ukraina kömegini, göreş üçin degişli goldawy bermäge dowam etmelidigini” nygtady.

Fransiýanyň Prezidenti; “Meniň maksadym anyk: Russiýanyň Ukrainada üstün çykmagynyň öňüni almak. Üstün çykan halatynda Ýewropada howpsuzlyk diýilýän zat bolmaz” diýdi.

Makron Russiýa Federasiýasyny togtatma ähtimallygynyň “ünsden düşülmeli däldigini” we eger şeýle bolman halatynda “Russiýanyň durmajakdygyny” we beýleki goňşularyna hem howp saljakdygyny duýdurdy.

Makron ozalky beýanatlaryndan birinde NATO-nuň goşunlarynyň Ukraina ugradylma ähtimallygyny gün tertibine getiripdi. Emma oňa käbir ýaranlary reaksiýa bildiripdi. Litwa we Kanada ýaly ýurtlar şol perspektiwany goldan bolsa, esasy köplük gönüden goşulyşma garşy durupdy.

Ýene degişli makalalar

75-nji ýylynda NATO
Fransua Baýru Fransiýanyň täze Premýer-ministri boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Prezidentini Bastiliýanyň eýelenen güni bilen gutlady
Prezident Erdogan Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Makron Fransiýanyň Premýer-ministrinden wagtlaýyn wezipesinde galmagyny haýyş etdi
Fransiýanyň hökümet başlygy Attal iş başyndan gitmekçidigini yglan etdi