Fransiýanyň Prezidenti Emmanýuel Makron Hindistanda 2024-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda bellenjek Respublikanyň gününe esasy myhman hökmünde çagyryldy. Makronyň Nýu-Delide geçjek harby ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar diýip, Press Trust of India neşirine sagylanýan TASS ýazýar.
Öň Hindistan ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeni bu milli baýramyň baş myhmany bolmaga çagyrypdyr, emma Ak Tamyň başlygy Nýu-Delä saparyny goýbolsun edipdir.
1947-nji ýylda Garaşsyzlygyny alan Hindistanyň Konstitusiýasy 1950-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda güýje girdi, onda ýurt Respublika diýlip yglan edildi. Şondan bäri her ýyl Respublikanyň güni baýram edilip, ýurduň paýtagtynda harby ýöriş geçirilýär.
Däp bolşy ýaly, her ýyl Hindistan bu baýrama ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlary çagyrýar. 2023-nji ýylda baýramyň baş myhmany Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah As-Sisi boldy.