Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Twitter hasabyndan Eýranda tussaglykda bolan Benžamin Briere we Bernard Phela atly raýatlaryň azat edilendigini belläp: "Ahyrynda azat boldular. Benžamin Briere we Bernard Phela ýakyn wagtda maşgalalaryna gowuşarlar" diýip mälim etdi.
Benžamin Briere we Bernard Phelanyň azat edilmeginden hoşaldygyny aýdan Emmanuel Makron, Eýranda häzirki wagtda hem tussaglykda bolan fransuzlaryň yzyna gaýtarylmagy üçin hem gerek bolan ädimleri etmäge dowam etjekdiklerini aýan etdi.
Fransiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, 37 ýaşyndaky Briere içalylyk etmek aýyplamasy bilen 2020-nji ýylyň maý aýynda, 64 ýaşyndaky Phelan bolsa milli howpsuzlyga wehim salmak aýyplamasy bilen 2022-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Eýranda göz tussaglygyna alynypdylar.
Fransiýanyň daşary işler ministri Ketrin Kolonna aprel aýynda Eýranyň daşary işler ministri Hüseýin Abdullahiýan bilen Hytaýyň paýtagty Pekinde duşuşyk geçiripdi, geçirilen duşuşykda Eýranda tussaglykda bolan 6 fransuzyň iň tiz wagtda azat edilmegi barada çagyryş beripdi.