Makron Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Makron Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladmir Zelenskiý telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Makron bilen Zelenskiý telefon söhbetdeşliginde Ukrainada yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy barada pikir alyşdy.

Makron X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, soňky 1 hepde-de 4-nji gezek Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini nygtady.

Emmanuel Makron Zelenskiý bilen Ukrainada yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy we Ýewropanyň howpsuzlygynyň güýçlendirilmegi üçin Ýewropaly ýaranlary we hyzmatdaşlary bilen geçiren gepleşikleri hakynda pikir alyşandygyny belledi.

Makron, gelejek hepde ABŞ-nyň paýtagty Waşingtona gurajak saparynyň öňüsyrasynda Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Zelenskiý magdan ylalaşygy üçin Waşingtona sapar eder
ABŞ we Ukraina minerallar ylalaşygynyň şertleri boýunça ylalaşdy
Dünýä Ýurtlary TUSAŞ-a Guralan Hüjümi Ýazgardy
Tokaýew Parižde Makron bilen gepleşik geçirdi
Prezident Erdogan Wengriýada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi