Makron Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Makron Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Ysraýyl bilen Liwanyň arasynda “Mawy liniýa” hökmünde kesgitlenen zolakda başdan geçirilýän dartgynlyk hakynda pikir alyşdy.

Fransiýanyň Tel-Awiwdäki ilçihanasynyň X sosial media platformasyndan berlen beýannama görä, Makron bilen Netanýahu telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Makron bilen Netanýahu telefon söhbetdeşliginde sebitde başdan geçirilýän wakalar hakynda pikir alyşdy.

Makron, Mawy liniýada Ysraýyl bilen Hizbullahyň arasyndaky dartgynlygyň möwjemegine alada bildirýändigini mälim etdi.

Sebitde Liwan bilen Ysraýylyň bähbidine zeper ýetirjek dartgynlygyň möwjemeginiň öňüniň alynmalydygyna ünsi çeken Makron, dartgynlygyň tutuş sebite ýaramaz täsirini ýetirjekdigini ýatlatdy.

Fransiýanyň Prezidenti Makron, dartynlygyň diplomatiýa arkaly çözülmelidigine ünsi çekip, taraplara parasatlylyk çagyryşyny berdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Netanýahu: "Ysraýyla kyn günler garaşýar" diýdi
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Tel-Awiwde Protest Aksiýasyny Geçirdi
Ysraýylda Hökümete Garşy Protest Ýörişi Geçirildi
Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ýüzlerçe adam Netanýahuny protest etmek üçin Tel-Awiwe ýöriş etdi