Garyşyk söweş sungatlarynyň belli türgeni, irlandiýaly Konor MakGregor sportuň bu görnüşi boýunça karýerasyny tamamlandygyny habar berdi.Ol özüniň “twitter” sahypasynda: — Men garyşyk söweş sungatlary sporty boýunça karýeramy bes edýärin. Şol birwagtyň özünde-de sportuň bu ugry bilen meşgullanýanlaryň hemmesine uly üstünlik arzuw edýärin — diýip, bu barada belläp geçdi.
Soňky döwürlerde ady käbir gopgunly wakalar bilenem agzalýan 30 ýaşyndaky türgen şu wagta çenli garyşyk söweşler boýunça 25 tutluşyk geçirdi. Şolaryň 21-inde ýeňiş gazanan MakGregor 4 duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy.
Ol soňky sapar uly wakalara baý bolan duşuşykda russiýaly Habib Nurmagomedowdan asgyn gelipdi.Meşhur türgen 2017-nji ýylyň awgustynda-da amerikaly boksçy Floýd Meýwezer bilen boks duşuşygyny geçirip, güýçli garşydaşyndan ýeňlipdi.