Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat sekretary Igor Konaşenkow rus goşunlarynyň Ukrainada 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweşde alyp baran işleri hakynda beýanat berdi.
Ukrain goşunlarynyň Donesk oblastynyň Makeýewka etrabynyň golaýynda rus ýaragly güýçleriniň wagtlaýyn pozisiýalaryndan birine hüjüm edendigini aýdan Konaşenkow, Amerikan önümi “HYRMARS” raketa ulgamyndan atylan 6 reketadan 2 sanysynyň rus howa ulgamlary tarapyndan urlup düşürilendigini beýan etdi.
Konaşenkow; “Zarba güýji uly bolan 4 raketanyň ujunyň ýarylmağy netijesinde wagtlaýyn harby pozisiýanyň bir bölüminde 63 rus esgeri öldi” diýdi.
Rus harby birikmelerinin Ukrainada operasiýalaryny dowam etdirýändigini aýdan Konaşenkow, rus harby howa güýçleriniň ýokary ukyply ýaraglar bilen guran hüjümleriniň netifjesinde Donesk oblastynyň Markowo we Kramatorsk etraplarynda, Harkowyň Nowoosinowa etrabynda ukrain goşunlary üçin işleýän 70-den gowrak daşary ýurtly hakynatutma söweşijiniň ölendigini, 100-den gowragynyň ýesir alynandygyny malim etdi.