Makedoniýa we Bolgariýa goňşulardan tebigy ýangynlarda kömek sorady

Makedoniýa we Bolgariýa goňşulardan tebigy ýangynlarda kömek sorady

Güýçli ýangynlar birbada balkan ýurtlarynyň birnäçesini gurşap aldy, Makedoniýada we Bolgariýada tokaýlar ýanýar. Bu ýurtlar goňşularyndan kömek soraýar. Sebäbi howa çakdanaşa yssy, bu ýerlerde temperatura eýýäm birnäçe gün bäri 40 gradusdan ýokary, guraklyk we güýçli şemal diýip, МИР 24 habar berýär.

Bolgariýada ot Swilengrad munisipalitetinde müňlerçe gektar tokaýy ýok etdi. Ýangyn Stara Zagora we Ýambola tarap süýşýär. Ähli ýaşaýjylar göçürildi. Käbir sebitler gabawda galdy, ýangyn sebäpli esasy ýollar ýapyk. Ody söndürmäge harbylardyr beýleki ýurtlardan hünärmenler kömek edýär. Ýer we howa tehnikalary ulanylýar.

Goňşy Makedoniýada-da esasy tokaýlyklary halas etmek üçin howadan we ýerden göreşýärler. Daglarda onlarça gektar tokaýlar ýandy. Ejir çekýän etraplarda adatdan daşary ýagdaý dowam edýär. Häzir ýurtda ýangynyň 20-den gowrak ojagy bar. Ýagdaý has-da daglyk Ştip we Negotino etraplarynda çylşyrymly diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Türkmen okuwçylary Antalýada geçirilýän 28-nji Balkan matematika olimpiýadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Türk dokmental film festiwalyna 9 ýurtdan 300 ýüztutma geldi
20-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Türki döwletleriň gün tertibindäki wakalar
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň başlygy Buýar Osmanini kabul etdi