McDonald’s kompaniýasy Ýewropa Bileleşiginde Big Mak towuk gamburgerleriniň söwda ýarlygyna bolan hukugy babatda kazyýet seljerişliginde utuldy we oňa hukugyny ýitirdi diýip, Bloomberg neşirine salgylanýan RIA Nowosti ýazýar.
ÝB-niň Lýuksemburgdaky kazyýeti McDonald's özüniň towuk etinden edilýän önümlere bolan hukugyny tassyklaýan subutnamalaryny getirip bilmedi diýen höküm çykardy diýlip, habarda bellenýär.
Ýewropa Bileleşiginde iki sany towuk kotletinden ybarat bolan burger aýratyn tagam hasaplanýar. Bu tagam ABŞ-da we Beýik Britaniýada ýörgünlidir. Kazynyň pikiriçe, kompaniýa ýörite Big Maga degişli bolan haryt nyşanyny ulanmagyň derejesini anyklap bilmedi. Ýöne oňa sygyr etinden edilen gamburger degişli diýlen çözgüt çykardy.
Big Mac haryt belgisine hukuk üçin kazyýet işi McDonald's bilen Supermac's irland tiz tagam zynjyrynyň arasynda 2019-njy ýylda başlady.