Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, awgust aýynyň 14-15-i aralygynda Türkiýede saparda bolar.
Prezident R. T. Erdogan, Abbas bilen 5 aý soň paýtagt Ankarada Prezidentiň Kompleksinde duşuşar.
Erdogan bilen Abbas duşuşykda, Ysraýylyň Gaza Sektorynda edýän gyrgynçylygy, sebitdäki gumanitar pajyga we hüjümleriň bes edilmegi üçin edilýän tagallalar hakynda pikir alyşar.
Eýran-Ysraýyl dartgynlygy meselesi hem saparyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.
Mahmud Abbas 15-nji awgustda bolsa TBMM-niň Baş Assambleýasynda halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş eder.
Abbasyň Mejlisde çykyş etmegi, Hamasyň syýasy lideri Ismail Haniýýeniň 31-nji iýulda janyna kast edilmeginden soň Türkiýäniň Palestina berýän güýçli goldawynyň ýene-de bir gezek yglan edilmegi taýdan diýseň möhüm.
Ysraýylyň gyrgynçylyklaryna berk garşylyk görkezýän TBMM, ozal hem Palestina goldaw berýändigini beýan edipdi we bu mesele boýunça TBMM tarapyndan ygtyýarnama kabul edilipdi.