Rus we türkmen transport kompaniýalarynyň wekilleri Moskwada Kaspi deňzi sebitindäki hyzmatdaşlyk barada maslahat edtdiler diýip, АиФ Дагестан neşiri 30-njy maýda Mahaçgalanypň deňiz söwda portunyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.
Moskwada RF-nyň transport ministriniň orunbasary, Russiýanyň Deňiz-derýa flotunyň ýolbaşçysy Wiktor Olerskiý bilen Türkmenistanyň Logistika assosiasiçýasynyň başlygy Mele Bekmyradowyň arasynda duşuşyk boldy.
Taraplar Mahaçgala we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda parom gatnawyny dikeltmegiň meselelerini we Orsýetiň hem-de Türkmenistanyň portlarynyň üstünden gatnadylýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.