Magtymgulynyň ýubileýine bagyşlanan foruma 100-e golaý halkara žurnalist gatnaşar

Magtymgulynyň ýubileýine bagyşlanan foruma 100-e golaý halkara žurnalist gatnaşar

Ertir Aşgabatda Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Foruma birnäçe döwletiň, hökümetiň we parlamentiň, halkara guramalaryň we beýleki derejedäki wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, forumy giňişleýin beýan etmek üçin, 100-e golaý žurnalist Aşgabada geldi. Şeýlelik bilen, МИР24, Первый канал, НТВ, ТАСС, ВГТРК, Известия, Комсомольская правда, Russia Today, Коммерсантъ, Российская Газета, Радио Маяк, Ведомости ýaly habar beriş serişdeleri halkara forum barada öz platformalarynda möhüm wakany ýaýlyma bererler.

Foruma Ermenistan, Mongoliýa, Tatarstan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan ýaly döwletlerden metbugat žurnalistleri hem gatnaşar.

Halkara forumy Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi, Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi hem resmi saýtynda we sosial ulgamlarynda yzygiderli beýan eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti KazanForum 2023 forumyň çärelerine gatnaşýar  
Aşgabatda Rus kinosynyň günleri geçiriler, Hasar kompaniýasy Täze ýyl üçin 200 müň süýjülik toplumyny öndürdi, türkmen raýatlaryna ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada duýduryş berildi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň wekiliýeti KazanForum 2023 forumyň çärelerine gatnaşýar
СООБЩЕНИЕ ДЛЯ СРЕДСТВ МАССОВОЙ ИНФОРМАЦИИ
Türkmenistan halkara habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
RUSSIA TODAY DOCUMENTARY AHALTEKE BEDEWLERI HAKYNDA FILMI SURATA DÜŞÜRÝÄR