Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasy

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän ýylynda türkmen topragynda tutulýan toýlaryň dabarasy dag aşýar.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň taryhy wakalarynyň biri bolan, birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň, hökümet agzalarynyň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, köp sanly alymlaryň, diplomatlaryň, medeniýet we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forum bu hakykaty ýene bir ýola subut etdi.

Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasydyr.Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr.Magtymguly Pyragynyň mirasy biziň üçin uly baýlykdyr.

Akyldar şahyryň wesýetlerine wepaly bolmagy biz mukaddes borjumyz hasaplaýarys.Onuň wesýetlerine eýermek bilen, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, berkarar döwletliligimizi mundan beýläk-de berkideris.Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr.

Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähime-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir.Magtymguly Pyragynyň päk ahlaklylyk, edep-terbiýe, watansöýüjilik, gözelligi wasp etmek, berkarar döwlet baradaky ynsan aňyna we ýüregine ornaýan gymmatly ündewleri biziň döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär.

Bularyň ählisi iň asylly adamzat däplerine daýanýan ynsanperwer gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam edýär.Dana akyldaryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň Dünýäniň hakydasy maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bu abraýly gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly diýip yglan etdi.Türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly ýylyň dowamynda dünýäniň ençeme ýurdunda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäreler, ylmy-amaly maslahatlar, forumlar geçirildi, şahyryň hormatyna dikeldilen heýkelleriň açylyş dabaralary bolup geçdi.

Elbetde, bularyň ählisi abraýly halkara guramalar we dünýä halklary tarapyndan türkmeniň akyldar şahyrynyň baý edebi mirasyna goýulýan çuňňur hormat-sarpanyň belentdiginiň alamaty.Magtymguly Pyragynyň ylham-zehininden joşup çykan eserler ähli döwürde-de dünýä alymlarynyň, edebiýatçylarynyň üns merkezinde boldy.

Alym E.Bertels dünýäniň nusgawy edebi gymmatlyklarynyň arasynda orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiligini älem-jahan täsinliklerini görkezýän Jemşidiň jamyna meňzedipdir.Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy bu gün dünýä ýaýylýar.

Onuň şygyrlarynyň daşary ýurtlaryň dillerine terjime edilmegi dünýä okyjylaryny türkmeniň nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy bolan Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi bilen has giňişleýin tanyşmaklaryna mümkinçilik berýär.Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz döwlet baradaky arzuwlarynyň hasyl bolan döwründe ýaşamak, beýik akyldar şahyrymyzyň edebi mirasynyň dünýäde giňden wagyz edilýändigine, eserleriniň dünýä halklarynyň dillerinde neşir edilýändigine, dana atamyzyň ýadygärliginiň dost-doganlyk ýurtlarynda açylýandygyna şaýat bolmak bagtyýar türkmen halkynyň buýsanjyny goşalandyrýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki nusgalyk ýol-ýörelgeler bu gün ýaşlar üçin terbiýeçilik mekdebi bolup hyzmat edýär.Dana atamyzyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Aýjemal ALAŞAÝEWA, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy. /* custom css */ .td_uid_15_673739f799308_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673739f799308_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumdaky çykyşy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini ýubileý medaly bilen gutlady
Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi
Binali Ýyldyryma, Klaus Parhofere “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” medallary gowşuryldy