Magtymgulynyň kitaby Özbegistandaky türkmen mekdepleriniň 44-sine paýlanyldy

Magtymgulynyň kitaby Özbegistandaky türkmen mekdepleriniň 44-sine paýlanyldy

Magtymguly Pyragynyň kitaby Özbegistandaky türkmen mekdepleriniň 44-sine paýlanyldy. Täze neşirler Özbegistanda ýaşaýan 200 müňden gowrak türkmen üçin uly sowgat boldy. Bu barada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjy, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen medeniýet merkeziniň başlygy Güldäne Awezdurdyýewa habar berdi.

Magtymguly Merkezi Aziýanyň görnükli ylym ojaklary bolan Buharadaky Gögeldaş, Hywadaky Şirgazy medreselerinde okap, özüniň bu ýerde geçiren günlerini goşgularynda beýan edipdir. Söz ussadynyň özbek dilinde terjime edilen kitaplary 1 million nusgadan gowrakdyr. Soňky 10 ýylyň içinde Magtymgulynyň 10-a golaý kitaby özbek şahyrlary tarapyndan terjime edildi.

Ýene degişli makalalar

Gorkut ata halkara kinofestiwalynda Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi görkeziler
Gelip men Hywadan ýörüp
HALK TEATRLARYNYŇ BÄSLEŞIGI
Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň özbek dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
SAHNADA—MAGTYMGULY OPERASY
Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniler
Pyragynyň şygyr dünýäsini aňlamaklyk: Sözüm aňlan ýok diýp, ümsüm oturma!’