Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda 2024-nji ýylyň Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli Magtymgulynyň eserleri eýýamlara şamçyrag ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz:
-Edebi mirasymyzyň şamçyragy bolan Magtymguly Pyragynyň ebedilige ýugrulan döredijiligini giňden wagyz etmekde şahyr ylmyň we filosofiýanyň taryhynda öçmejek yz galdyran Akyldar Magtymgula diňe bir şahyr höküminde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar.
Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr diýip belläp geçýär. Şeýle-de Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagy arzuw etdiler.