Magtymgulynyň edebi mirasynyň ylmy taýdan öwrenilişi

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we danalyk mekdebi halkara derejesinde hem-de milli jemgyýetçilik durmuşynda ylmy diplomatiýanyň rowaçlanmagyna badalga berýän edebi akabalaryň kerwenbaşysy bolup hyzmat edip gelýär.Akyldaryň çeper pikirlenme medeniýeti arkaly döreden söz sungatynyň güýji, hakykata şahyrana kesgitleme bermekdäki setirleri uzak ýyllardan bäri ylmy diplomatiýanyň işini hem ýerine ýetirip gelýär.

Ynsanyň aň-düşünjesiniň kämilleşmegine we baýlaşmagyna, türkmen jemgyýetini kämillige ugrukdyryjy watançylyk, ahlak, ylmy medeniýetiniň pajarlap ösmegine söz sungaty arkaly uly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy ylmy jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredýär.

Bilimleriň amaly we nazary ulgamlarynda jemgyýetiň we döwletiň ösüşi, bähbidi üçin amatly bolan, pikirleniş ukyplary, döredijilikli akyl ýetiriş başarnyklary, ynandyryjylykly, hakykat görkezijileri arkaly täze taryhy çözgütleriň, gymmatly açyşlaryň, oýlap tapyşlaryň, tejribeleriň, gözlegleriň we synaglaryň, ygtybarly we takyk derňewleriň, maglumatlaryň, delilleriň we seljermeleriň, taglymatlaryň we salgylanmalaryň üsti bilen geçirilen, utgaşýan, jemgyýetçilik bilimleriň köptaraply ugurlarynda kämilligiň, ussatlygyň, özgerişiň täze basgançaklary bilen ýerine ýetirilen, saýlanylyp alnan işleriň netijeleriniň üstünlikli we maksadalaýyk, mysallar we subutnamalar arkaly esaslandyrylan we tassyklanylan görnüşde ykrar edilmegi ylym hökmünde kabul edilýär.

Durmuşda ylmy ilerlemeleriň hem-de ösüşleriň ýaýrawy, gurşawy we bahalandyrylyşy dürli usullar, tapgyrlar arkaly amala aşyrylýar.Ylmy gymmatlyklar ynsany dogry, adalatly, ynsanperwer ýola, zähmet, watançylyk ýeňişlerine, üstünliklerine gönükdirýän häsiýetleri bilen aýratyn tapawutlanýar.

Taryhy edebiýatlarda ylym, şahyranalayk we durmuş bir enäniň üç perzendine meňzedilýär.

1991-2021-nji ýyllar aralygynda bize Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny we magtymgulyşynaslyk ylmynyň esaslaryny öwrenmek, toplamak, ulgamlaşdyrmak hem-de peýdalanmak maksady bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän milli, ylmy edaralaryň, ýöriteleşdirilen, pudaklaýyn kitaphanalarynda, arhiw merkezlerinde, gaznalarynda, çeşmelerinde saklanylýan, az sanly we seýrek duş gelýän, umumydöwlet ähmiýetli, halk bähbitli golýazma ýygyndylary, akademiki neşirleriň nusgalary, doktorlyk, kandidatlyk işleri, metbugatda, sene, ýol ýazgylarynda, bibliografik we tekstologik görkezijilerde orun alan synlar, monografiýalar, ensiklopedik sözlükler, dürli dillerdäki medeni-aň bilim we kömekçi edebiýatlary, dürli ýyllarda geçirilen aýratyn gymmatly, düýpli, köptaraply, döwürleýin intellektual ylmy barlaglaryň täzeçil, gyzykly, täsirli binýatlyk toplumlary, dürli redaksion-neşirýat, çaphana önümleriniň tapgyrlary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň dürli ýyllarda, dürli dillerde goýberilen köp jiltli habarlary, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işleri, magtymgulyşynaslyk ylmynda gazanylan tejribeler bilen içgin tanyşmak bagty nesip etdi.

Magtymgulyşynaslyk ylmy boýunça bilimleriň toplumlaýyn görnüşlerinde gyzyklanmalarym, gözleglerim bu ugurda ylmy-usulyýet, ylmy-amaly dünýägaraýşymyň giňelmegine ýardam berdi.Agzalan döwürde magtymgulyşynaslyk ylmy bilen bagly bolan iki müňden gowrak düýpli barlaglar bilen tanyşmagymyz kalbymyzy ganatlandyryp, ylmy ylhamymyza täze badalga berdi.

XX asyrda magtymgulyşynaslyk ylmy boýunça milli ylmy mekdebiň düýbüni tutmakda we bu ylmy ugruň ýaýraýyş çygrynyň gerimini, hyjuwly we joşgunly öwrenilişini artdyrmakda, gyzyklanma örüsini giňeltmekde, kämilleşdirmekde, şahyryň edebi şahsyýeti barada başlangyç, dogry, ygtybarly ylmy çözgütli maglumatlaryň taýýarlanmagynda, olaryň ylmy seljermeler, nazarlar bilen berkidilmeginde, toplanylmagynda we neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilmeginde B.Kerbabaýew, M.Kösäýew, A.Ahundow-Gürgenli, A.N.Samoýlowiç, R.Alyýew ýaly alymlar hakykatyň we kämilligiň çuňluklaryna, şahyryň döredijilik dünýäsine aralaşan ilkinji alymlar hökmünde ykrar edilýär. 1948-nji ýylda magtymgulyşynaslyk ylmynyň milli mekdebiniň kemala gelmeginde uly hyzmatlary bitiren, ylmyň bu pudagynda halypa-şägirtlik binýadyny döretmekde meşhurlyk gazanan tanymal türkmen alymy B.A.Garryýew tarapyndan Magtymguly we onuň çeper dili diýen at bilen ilkinji gezek filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini almak üçin doktorlyk dissertasiýasy işi üstünlikli goralýar.

Magtymgulyşynaslyk ylmy boýunça zenan alymlaryň arasynda ilkinji bolup filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin kandidatlyk dissertasiýasy işi Z.B.Muhammedowa tarapyndan 1949-njy ýylda Magtymgulynyň diwanynyň Astrabat golýazmalarynyň dili diýen temada ýerine ýetirilýär. 1950-2014-nji ýyllar aralygynda Magtymgulynyň edebi mirasynyň dürli ugurlary boýunça Ö.Ylýasow, Y.Mämedamanow, H.Abdullaýew, M.Çaryýew, D.Abdullaýew, Ş.Seýidow, A.Bekmyradow, A.Şyhnepesow, O.Işangulyýewa, M.Annamuhammedow, A.Nazarow, A.Aşyrow ýaly alymlar ýörite doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary ýazyp, magtymgulyşynaslyk ylmynyň rowaçlanmagyna, düýpli we köptaraply öwrenilmegine uly goşant goşdular.

Magtymgulynyň golýazmalaryna ylmy-tekstologik taýdan barlaglary geçirmekde, şahyryň baý we köpugurly edebi mirasynyň halk döredijiligi, Gündogar edebiýatynyň çeper nusgalary, edebi hyzmatdaşlyklaryň mekdepleri bilen baglanyşygynyň taryhy, durmuşy köklerini çuňňur öwrenmekde, Magtymguly Pyragynyň şahyrana pikirlenmesiniň gurluş aýratynlyklary, şahyryň döredijiliginde mistiki poeziýanyň ideýa-çeperçilik däpleri, ilkinji çeşmeleri, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşda tutýan orny boýunça ylmy-derňew işlerini dowamly alyp barmakda, magtymgulyşynaslyk ylmynyň dürli pudaklary boýunça ýörite monografiýalaryň, kitaplaryň, makalalaryň neşir edilmeginde S.A.Garryýewiň, G.O.Çaryýewiň, A.Meredowyň, R.Mustakowyň, S.Myradowyň, M.Annanepesowyň, A.Gylyçdurdyýewiň, T.Orazowyň, K.Kurambaýewiň, O.Ýagmyrowyň, G.Geldiýewiň, H.Durdyýewiň, A.Mämedowyň, J.Gurbanowyň, A.Durdyýewanyň, T.Hapyzowanyň, O.Ödäýewiň, F.Allabergenowanyň hyzmatlary ilkinjileriň hatarynda hormat bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky ylmy maglumatlary mekdepleriň okuw kitaplarynda görkezmegi ilkinji gezek ýola goýan A.Belýaýew hasap edilýär.Türkmen metbugatynda ilkinji başlangyç ylmy makalalar Magtymguly ady bilen 1915-nji ýylyň 13-nji martynda we 3-nji aprelinde Zakaspi ýerli gazetinde Hojaly Myratberdi ogly we Mämmet Gurban ogly tarapyndan çap edilýär.

Magtymgulyşynaslyk ylmy boýunça gazanylan ösüşleri üç ugra – XIX, XX, XXI asyrlaryň tapgyrlaryna, alymlar tarapyndan öwrenilişini Ýewropa, Aziýa, Amerika we türkmen ylmy jemgyýetçiliginiň toparlaryna bölmek bolýar.XIX asyrda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, durmuş we taryhy döwri baradaky ilkinji ylmy häsiýetli makalalar toplumy 1842-nji ýylda Londonda iňlis dilinde dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň dykgatyna we nazaryna polýak alymy Aleksandr Leonardowiç Hodzko-Boreýko tarapyndan Populýar pars poeziýasyndan parçalar atly kitaby arkaly tanyşdyrylýar.

Bu asyryň magtymgulyşynaslyk ylmy boýunça dürli gymmatlyklary, şöhratly ýazgylary, şahyryň ykbal menzilleriniň, şahyrana ömür we şygyr ussatlygynyň jadyly, özüneçekiji dünýäsi baradaky ylmy mazmunly sahypalary 20-den gowrak alymyň işlerinde, ýol ýazgylarynda, dürli dillerdäki gollanmalarda görmek bolýar.

Magtymgulyşynaslyk ylmynyň XX asyrdaky ösüşi üç tapgyra bölünýär.Bu ylmy pudagyň ilkinji tapgyry 1903-1961-nji ýyllar aralygyny öz içine alýar. Ösüşiň bu tapgyrynda Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatyndaky ornuny, poeziýa sungatyndaky ussatlygyny, jemgyýetçilik ähmiýetli paýhas aňlatmalaryny töwerekleýin öwrenmekde 15-e golaý ylmy jemgyýetçiligiň tanymal alymlary saldamly, şowly işleri bitirdiler.

Bu döwürde B.M.Kerbabaýewiň Türkmenistan gazetiniň 1940-njy ýylyň 14-nji iýunyndaky sanynda çap edilen Magtymguly we oňa bolan garaýyşlar atly ylmy makalasynda Magtymgulynyň eserleriniň halk arasyndan 1925-1939-njy ýyllar aralygynda toplanylmagy netijesinde Türkmenistanyň halk şahyry Durdy Gylyjyň ýardam bermeginde, onuň hatdatlary, mürzeleri, kätipleri Atak Kakabaýewiň, Çary Kakajanowyň ýazyp almagynda Tagta (häzirki Görogly) etrabynyň ýaşaýjysy Sapar Ataýewiň Pyragynyň 460 sany goşgusyny ýatdan bilmegi, aýtmagy, neşirler üçin döwürleýin taýýarlanylmagynda ähmiýetli bolandygy, bu raýatlaryň edebi hyzmatlarynyň gymmatynyň bahasyz baýlyk bolup halka hyzmat edendigi baradaky buýsançly pikirleri häzirki zaman ylmy jemgyýetçiligi üçin hem gutlanylmaga mynasypdyr.

Magtymgulyşynaslyk ylmynyň XX asyrdaky ösüşiniň ikinji tapgyry 1962-1990-njy ýyllar aralygyny öz içine almak bilen, bu döwürde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň folklora gatnaşygy, şahyryň belent, giň, çuň, sagdyn, aýdyň pikirleniş ukyby, suratlandyryş derejeleri, goşgy düzüş görnüşleri, okan, syýahat eden mekanlary, maşgala we hünär edepleri, halky häsiýetli dür setirleriniň stilistik öwüşginleri bilen bagly meseleleri öwrenmeklige 20-den gowrak alym, ylmy we döredijilik wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Ylmyň bu düzüminiň ösüşiniň üçünji tapgyry 1991-nji ýyldan soňky döwri öz içine almak bilen, halkara we milli jemgyýetçilik ulgamlarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, ýazuwly edebiýatlardaky taryhy hyzmatlary, gönüden-göni şahyryň durmuşdaky, ylmy, medeni ulgamlardaky orny, çeper döredijilik mekdebiniň aýratynlyklary bilen bagly onlarça meseleleri öwrenmekde täze sahypalary başlandy.

Magtymguly Pyragynyň türkmen nusgawy edebiýatynyň, ynsan aň-düşünjesiniň kämilleşmeginde we baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitiren, türkmen jemgyýetini kämillige ugrukdyryjy ynsanperwerlik ýörelgeleri, watançylyk mazmunly, ahlak gymmatlyklary sözüň gudraty, paýhas sungatyny filosofik setirler arkaly wasp eden Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti, gymmaty dogrusynda 100-e golaý mowzuklarda düýpli ylmy barlaglar, seljermeler alnyp barlyp, ylmy jemgyýetçiligiň bu tapgyrynda alymlar toparynyň agzalarynyň 30-a golaýy döredijilikli zähmetleri bilen aýratyn tapawutlanýarlar.

Olaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň taryhyny, tahalluslaryny, dürli döwürlerde dilden ýazylyp alnan nusgalaryny, diwanlarynyň häsiýetli aýratynlyklaryny, akyldaryň terjimehaly we şahyryň eserleriniň tekstologik teswirleri baradaky hakykatlary täzeçil, nazary we amaly mysallar, subutnamalar arkaly çuňňur we ynandyryjylykly esaslandyrmakda, öwrenmekde, dogry ylmy çözgütleriň tapylmagynda TYA-nyň habarçy agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor A.Aşyrowyň, alymlar P.Kiçigulowyň, E.Gajarowanyň, S.Ahallynyň, R.Rejepowyň, G.Nazarowyň, A.Mülkamanowyň, M.Öwezgeldiýewiň, A.Nurýagdyýewiň, N.Halymowyň, S.Şükürullaýewanyň, A.Saparmyradowyň bitiren hyzmatlary uludyr. Şahyryň eserleriniň gymmatyny onuň dogduk Watanyndan uzakdaky ülkeleriň sebitlerinde ylmy taýdan öwrenilmegine, kitaplarynyň neşir edilip ýaýradylmagyna we dürli yklymlaryň 40-a golaý döwletlerinde, 30-dan gowrak dillerinde dürli ýyllarda wagyz, terjime edilmegine dürli ýurtlaryň Ylymlar akademiýalarynyň agzalarynyň – akademikleriň 10-synyň, habarçy agzalarynyň 12-siniň, professorlarynyň 15-siniň, dürli ugurlar boýunça ylymlaryň doktorlarynyň we kandidatlarynyň 20-ä golaýynyň işewür, öndümli gatnaşmagy aýratyn guwandyryjydyr.

Golaýda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherinde geçirilen Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň bu guramanyň Dünýäniň hakydasy maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi akyldaryň döredijiligi boýunça dünýä derejesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni we ylmy diplomatiýanyň rowaçlanýandygyny, hyzmatdaşlygyň işjeň-leşmegine, öwrenilişiniň geriminiň artmagyna hem oňyn badalga berýändigini aýdyň görkezýär.

Dädebaý Pälwanow,

Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna tabşyryklary berdi
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi