Şu gün paýtagtymyzdaky Ýyldyz myhmanhanasynyň mejlisler zalynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat öz işine başlady.
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen bu iki günlük foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue, daşary ýurtlaryň birnäçesinden, şol sanda Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Hindistandan, Eýrandan, Katardan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan wekiliýetler gatnaşdylar. Çagyrylan myhmanlaryň hatarynda düýn Aşgabatda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjylar hem bar.
Umumy mejlis başlamazdan ozal, köp sanly foruma gatnaşyjylar binanyň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar.Bu ýerde türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň köptaraplylygyny, taryhyny we özboluşly däplerini ähli aýratynlyklary bilen şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklary, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.
Owadan suratlar, fotosuratlardyr kitaplar myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.Sergide hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryna aýratyn orun berlipdir.Bu eserler ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip, müňýyllygyň sepgidinde kuwwatly döwlet döretmegi başaran halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine has dogry düşünmäge mümkinçilik berýär.
Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly myhmanlar mejlisler zalyna çagyryldy. Bu ýerde halkara maslahatyň umumy mejlisi geçirildi. Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanymyz maslahatyň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, onuň medeni ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge, geljekde bu ugurda alnyp baryljak işleri has-da ösdürmäge, Magtymgulynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Çünki beýik akyldar Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynyň üsti bilen dünýä halklaryny agzybirlige, dost-doganlyga, ynsanperwerlige çagyran, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyny arzuwlan şahyrdyr.
Myhmanlaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, her bir halkyň beýikligi, esasan, dünýä beren meşhur şahsyýetleri bilen kesgitlenilýär.Halkymyzyň beýik ogullarynyň biri Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujydyr.Parasatly şahyr, Gündogaryň akyldarynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk bolmak bilen, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. 2023-nji ýylyň maýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Dünýäniň hakydasy maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi onuň şahyrana-filosofik mirasynyň bütin adamzadyň medeni hazynasynyň möhüm bölegi hökmünde halkara derejede ykrar edilýändigini aýdyň görkezdi.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy beýik türkmen nusgawy şahyrynyň döredijiliginiň halkara ähmiýetiniň ynandyryjy subutnamasy hökmünde 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Şeýle hem goşgulary hemişe dost-doganlyga, agzybirlige, parahatçylykly ýaşamaga, ynsanperwerlige çagyrýan söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary agtymguly Pyragy ýyly diýip yglan etdi.
Ýeri gelende bellesek, Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan surata düşürilen Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän film şu aýyň başynda Türkiýäniň Izmir şäherinde geçirilen Turan halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy.
Häzirki wagtda medeniýetiň ilçisi hökmünde Magtymgulynyň baý döredijilik mirasy yklymlaryň we döwürleriň çäklerinden çykýar. Şeýlelikde, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dowamynda döwlet we halkara derejede möhüm çäreler, şol sanda ylmy maslahatlar, döredijilik hepdelikleri, duşuşyklar, film görkezilişleri, sahna oýunlary, edebi agşamlar we bäsleşikler geçirilýär.
BMG-niň Nýu-Ýorkdaky we ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartiralarynda, köp sanly abraýly halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde dünýä derejeli beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň hormatyna dabaraly çäreler guraldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly goşgusynda şahyryň döredijiligini pähim-paýhas ummanyna deňäp, onuň çuňňur manyly eserleriniň ynsan kalbynda hemişelik orun alandygyny, paýhasly pikirleriniň bolsa ählumumy ähmiýetini belleýär.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabadyň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we adybir medeni-seýilgäh toplumy hut Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bina edildi.Toplumyň şu günki açylyş dabarasy hem akyldar şahyra çuňňur hormat goýulýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, asyrlaryň geçendigine garamazdan, Magtymgulynyň eserleri ähmiýetini birjik-de ýitirmeýär we Türkmenistanyň çäklerinden has uzaklarda-da meşhurdyr. Çünki olarda ebedi umumadamzat gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, dost-doganlyk wasp edilýär.
Pikirleriň sada we aýdyň beýan edilişi, halk döredijiliginiň giňden ulanylmagy, türkmen halkynyň gadymy ruhy-ahlak däpleriniň arşa göterilmegi şahyryň döredijiliginiň tapawutly aýratynlygyna öwrüldi.Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şygryýeti dürli medeniýetleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň ýolgörkezijisi bolup hyzmat edýär.
Söz ussadynyň dürli ýurtlarda, şol sanda Russiýada, Türkiýede, Eýranda, Özbegistanda, Ukrainada ýadygärlikleri oturdyldy.
Magtymgulynyň döredijiligine kakasy Döwletmämmet Azadynyň we Gündogaryň beýleki meşhur şahyrlarynyň çuňňur halk filosofiýasyna, ynsanperwer garaýyşlara we ýagty geljege bolan ynama ýugrulan eserleri täsirini ýetiripdir.Hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar — Watanyň daýanjy we Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitaplarynda halk, Watan, döwlet ýaly düşünjeleriň mukaddesligi, olara hormat goýmagyň ähmiýeti, Magtymguly Pyragynyň nusgalyk ýol-ýörelgeleriniň dowamatlylygy, onuň döredijiliginiň ýaş türkmenistanlylary terbiýelemekde, özygtyýarly Watanymyzyň geljekki ykbaly babatda ägirt uly jogapkärçiligini duýmaklaryny gazanmakda möhüm ähmiýetiniň bardygy barada aýdylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ýygnamak we wagyz etmek, onuň golýazmalaryny ylmy taýdan öwrenmek babatda köp işler amala aşyryldy. Şahyryň taglymaty, geljege bolan garaýyşlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şonuň üçin Magtymgulynyň şahyrana mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy.
Häzirki wagtda edebiýaty öwrenişde täze ugur — magtymgulyşynaslyk ugry emele geldi.Nusgawy şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek dünýä derejesine çykyp, halkara häsiýete eýe boldy.Diňe bir türkmen alymlary däl, daşary ýurtly edebiýatçylar hem Magtymgulynyň ömri we döredijiligi bilen ýakyndan gyzyklanyp, köp sanly monografiýalarydyr kitaplary ýazdylar hem-de neşir etdirdiler.
Pyragynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň altyn hazynasynda orun alan eserleri häzirki wagtda dünýäniň köp dillerinde terjime edilip, türkmen şygryýetiniň abraýyny belende göterýär.Terjimeler daşary ýurtly okyjylara dünýä edebiýatynyň şöhle saçýan ýyldyzynyň pikirleri bilen tanyşmaga mümkinçilik bermek bilen, öz goşgularynda Watana söýgini, parahatçylygy, dostlugy, agzybirligi dabaralandyrýan şahyryň filosofik garaýyşlaryna düşünmegiň açary bolup hyzmat edýär.
Dogduk topragynyň hakyky watançysynyň döredijiliginden özygtyýarly döwlet gurmak baradaky çagyryşlar eriş-argaç bolup geçmek bilen, onuň şygyrlary türkmen halkynyň erkinliginiň, jebisliginiň senasyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň garaşsyz, erkin döwleti, milletiň agzybirligi baradaky arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň nyşanydyr.
Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruna üýtgewsiz eýerýär.Bu syýasat baý milli mirasymyzyň we Watanymyzyň häzirki zaman üstünlikleriniň wagyz edilmegine ýardam berýär.
Pursatdan peýdalanyp, ýygnananlar Gündogaryň meşhur şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesi, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, halklaryň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, milli mirasy, umumy medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Ertir maslahat Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine, filosofik garaýyşlaryna, beýik şahyryň dünýä edebiýatynda hem medeniýetinde tutýan ornuna, onuň köptaraply mirasyny bütin dünýäde wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işlere bagyşlanan bölümçeleriň dördüsiniň çäginde öz işini dowam eder.
Daşary ýurtly myhmanlar üçin şu gün ajaýyp Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli öňde boljak beýleki çärelere gatnaşmagy öz içine alýan baý medeni maksatnama taýýarlanyldy.
Maslahat tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar paýtagtymyzyň gözel künjekleri bilen tanşyp bilerler, hususan-da, olar Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görerler, Arkadag şäherine tanyşlyk gezelenjini amala aşyrarlar, ol ýerde myhmanlar üçin Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde meşhur Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guralar, şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň baýramçylyk konsertine tomaşa ederler.