Sanlar ähli ylymlara we halk hojalygynyň ösüşlerine garaşsyz, üznüksiz, gaýtalanýan hereketlerine yzygiderli gatnaşýan durmuşyň şazadalary hasap edilmek bilen, olar sözler hem-de arifmetiki belgiler arkaly ykrar edilýän kadalaryň düzgünlerini we simwolok nyşanlaryny öwredýän iň gadymy ylmy pudaklaryň gözbaşlary bolup durýarlar.
Milli we halkara derejede hakykatyň aýratynlyklary bilen utgaşýan deňlemeleriň aglabasy jemgyýetçilik rowaçlygy üçin möhüm, zerur, wajyp, hökmany, gerek we subutnamaly görkezijiler bolan sanlar dünýäsiniň esaslary bilen ýerine ýetirilýär.
Ussadyň 555 sany şygyrýet dünýäsinde sanlar bilen baglanyşykly sözler, belgiler 250-ä golaý goşgularda mukdar, tertip, ýönekeý, bölünmeýän, syrly, düzmeli, bütin, natural, täk, jadyly, jemleýji, sada, goşma, tirkeş, galyndysyz, jübüt, çen-takmyn, garşydaş, bölek, ähtimallyga golaý, fantastik, garşylykly, sinonimdeşlik hatary köp wariantly, erkin, durnukly, alynma, kompleksleýin ýaly görnüşlerde duş gelýär.
Sanlaryň tejribeleri dananyň döredijiliginde filosofik nazarlar, mistiki we mifiki adalgalar we dünýewi pikirlerde beýan edilýär.Alymlar sanlar älemini ynsan beýnisiniň hemişelik sagdynlyk maşklary hasap edýärler.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý şahyrana döredijiliginde matematika ylmy bilen bagly sanlaryň togsandan gowrak dürli görnüşlerini özünde jemleýän nusgalary duş gelýär.Akyldaryň lirikasynda sanlaryň ulanyş ýygylygy, dowamly gaýtalanyş alamatlary boýunça 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8, 9, 10, 11, 12, 14, 15, 16, 20, 24, 30, 34, 50, 60, 63, 66, 70, 72, 80, 100, 160, 300, 313, 360, 500, müň, üç müň, 4400, 6600, on sekiz müň, otuz müň, kyrk alty müň, ýüz müň, ýüz ýigrimi dört müň ýaly hasaplaryň, algebra bölüminiň amallarynyň, halky, dogry, dürs usullardaky birlikleri, gündogar medeniýetiniň ölçegleri, ululyklary ilkinji orunda durýarlar.
Magtymguly Pyragynyň Döker bolduk ýaşymyz atly eserinde Togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz diýen ajaýyp setirleri ýaşaýşyň giňişlik-wagt koordinatlarynda ýaz paslynyň üç aýynyň günleriniň dowamlygynyň togsan güne deň bolan pursadyny çeper görnüşde aňladýar.
Magtymguly Pyragynyň Aýrylsa atly eserinde Çille dolup, garlar gyşdan aýrylsa diýen tebigat suratkeşliginiň ajaýyp setirleri her ýylyň 25-nji dekabryndan 5-nji fewral aralygyndaky pursatlary çeper şöhlelendirýär.Mähriban watanymyzda garlar her ýyl ygalyň 19%-35%-ni, diňe gyş paslynda bolsa 85%-93% aralygyndaky ölçeglerde hasaba alynýar.
Tebigatda iki meňzeş gar tozgasy duş gelmeýär.Garlaryň häsiýetleri bilimleriň atmosfera fizikasy ylmynyň pudagynda düýpli öwrenilýär.Her ýylyň 15-19-njy ýanwary aralygy yklymlarda Bütindünýä garlar güni hökmünde bellenilip geçilýär.
Bir gar tozgajygy 3 kilometrlik aralygy 2 sagatda geçip ene ýeriň göwsüne gelýär.Garlaryň 75%-95 %-i dürli howa maddalary, jisimleri, şöhleleri emele getirmäge gatnaşýarlar.Garlaryň ýagmagy töweregindäki sebitlerde 89%-92% derejede arassa howa gatlaklaryny emele getiriji asman şypakärleriniň emirleri hasap edilýär.
Garlar derýalaryň 50% suw gorlarynyň köpelmeginiň çeşmesi bolup hyzmat edýär.Galyň gar örtükleri ähli ekinleriň we ýerleriň doňmazlygynyň öňüni alýan melhem hem hasap edilýär.
Söz senediniň zergäriniň Atamyň, Nowruzdan seni, Mallar dargady, Jahan peýda, Güzeşt eýle ýaly şygyrlarynda Nowruza uly orun berilýär. 12 ýyldan gaýtalanýan müçe senenamasy boýunça-ýylyň başy, milli wagt ölçeýiş hasaplarynyň ilkinji basgançagy gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän gününden, milady senenamasy boýunça her ýylyň 21-nji martyndan Nowruz gününden başlanýar. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda Milli Bahar baýramy Nowruz güni ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi.
Mähriban watanymyzyň başlangyjy boýunça 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Efiopiýanyň Addis-Abeba şäherinde Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiň mejlisiniň karary bilen Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda resmi taýdan orun aldy.
Beýik akyldar, ylmyň mukaddes we köptaraply dünýäleriniň mertebeli wekili, adamzadyň maddy, ahlak, gözellik we ruhy gymmatlyklaryň ösmegine, poeziýa äleminde şahyrana däpleriň we täze çeperçilik gözlegleriň kämilleşmegine saldamly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň döredijilik mekdebiniň halkylyk, taryhy we jemgyýetçilik gymmatlyklaryny öwrenmek biziň her birimiziň watançylyk borjumyzdyr.