Ýakynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Sungata sarpa atly medeniýet, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly söhbetdeşligi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy halypa mugallymlaryň çykyşlary ýazgy edildi.
Bu konsertde beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen ajaýyp aýdymlary we sazlary ýerine ýetirdiler.Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa Mätäç eýleme, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Merdan Baýramow Şanly baýram toýy Magtymgulynyň, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Rejepdurdy Begenjow Ýagşydyr, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow Delalat ýagşy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýew Atça bolmaz, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa Pyragy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çary Ahunow Aýryldym diýen aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.
Medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýup, milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!