Magtymguly sözlär tili türkmeniň

Magtymguly sözlär tili türkmeniň

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Nebitçi çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligini çagalaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Magtymguly sözlär tili türkmeniň atly söhbetdeşlik hem-de surat çekmek boýunça bäsleşik geçirdi.

Dabaranyň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň üsti bilen ýaş nesilleri halallyk, arassa ahlaklylyk, mertlik, adalatlylyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi.Surat çekmegi halaýan gyzjagazlar hem oglanjyklar Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini suratlandyrmak esasynda bäsleşdiler. Ýeňijilere höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehini açyp görkezmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan sportuň we üstünlikleriň ýurdy
Türkmenistan sport ýurdy
Türkmen diliniň gadymylygy we ösüş taryhy
Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasy
Türkmen medeniýetiniň belent sarpasy
Türkmenistanyň iň gowy sürüjisi kesgitlenildi