Magtymguly, söz binýadyň…

Şygyr okamagy gowy görsem-de, Pyragynyň şygryýeti ýöne okap geçiläýmeli däldigi üçin, diňe bir adamyň ykbaly däl, diňe bir milletiň ykbaly däl, bütin adamzadyň ykbaly çözlenilýändigi üçin her kimi golaýyndan eltmeýän bolmaly.

Aslynda, zenan bolup ol goşgulary sesli okamaga bogny ysan tapyldymyka?! Göwnüme bolmasa, Pyragynyň şygyrlaryny sesli okamak üçin atyň kellesi ýaly ýüregiň bolmaly. Bolmasa, Magtymgulynyň kitaby her türkmeniň öýünde bar ahyry. Onuň aýdyma öwrülen goşgularyny ussat bagşylar toýlarda, dabaralarda aýdýarlar diýäýmeseň, ol şygyrlary gaty sesi bilen, bogny ysyp, okaýan az-az. Munuň sebäbi nämedenkä?!

Türkmen teatr sungatynyň ägirtleri Aman Gulmämmedow, Hajy Annamämmedow, Mälikguly Kepbanow, Hommat Müllikow, Aman Baýramberdiýew, Ata Alowow, türkmen radiosynyň ussady Juma Ýazmyradow dagynyň okan, türkmen radiosynyň altyn hazynasynda saklanylýan goşgulary diňläp, oýa batýaryn: Dürli sesde, dürli kalplardan çykan owazlarda okalan goşgular. Magtymgulynyň goşgularyna aralaşmaga ýürek eden bu ussatlaryň haýsy biri akyldara düşünip, onuň ruhy dünýäsini açyp bildikä?!.

Magtymguly Pyragynyň teatr sahnasyndaky keşbini janlandyran, şahyryň şygyrlarynyň okalyş aýratynlygyny inçelik bilen yzarlaýan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymow bilen bu barada pikir alşanymyzda, onuň akyldaryň şygryýeti baradaky aýdanlary meniň köp sowallaryma jogap boldy.

Goşgy okamak aktýoryň ussatlygynyň bir ugry bolup durýar. Şygra düşünmek, goşgyny labyzly hem ussatlarça okap bilmek artist bolasy gelýän talyplara okuwlarynyň ilkinji ýyllarynda öwredilip başlanýar. Şonda-da Magtymgulynyň şygyrlaryny köpçülikde okamaga her artist ýapyşybermeýär. Näme üçinkä?!

Tebigat her kime birhili ses beripdir.Magtymgulyny okamak üçin, ilki bilen sesiň gabat gelmeli.Onsoň, şahyryň şygyrlaryny gaýtalap-gaýtalap okamaly.Manysyna düşünjek bolmaly. Şahyryň şygyrlary göräýmäge düşnükli ýaly, halkyň diline golaý.

Bir bellemeli zat, Magtymguly Pyragy özünden öňki hem-de öz döwründe ýaşap geçen şahyrlaryň içinde halkyň diline has golaý ýazan şahyr.Ondan öňki edebiýata ýüzlenseň, bize has düşnüksiz, alynma sözler köpdür.

Olar Magtymgulyda-da azda-kände bar, ýöne manysyna düşünse bolýar.

Şu wagta çenli Magtymgulynyň şygyrlaryny okap, ýazgylarda sesleri galan halypalaryň hersi şahyryň içki dünýäsini özüçe gözläpdir.Her halypanyň öz ýasan Magtymgulusy bar.Belki, bu şeýle-de bolmalydyr.

Ine, mysal üçin, Hajy Annamämmedowy alyp göreliň.Hajy aganyň özünde-de, sesinde-de mähir köp bolansoň, şol mähir onuň goşgy okaýşyna hem geçipdir.Ol şahyryň goşgularyny ýönekeýrägem okaýar weli, gelşip dur. Çünki, mahmaldan gelen mähirli sesiň içki güýji diňleýjini maýyl edýär.

Ata Alowow öz häsiýeti boýunça hemişe hyjuwly adam bolansoň, ol goşgulary okanynda duýguçyl Magtymgulyň keşbi ör-boýuna galýar.Hommat Müllük okanda, paýhasly Magtymguly göz öňüňe gelýär.Ol kalpdan gaýdýan pessaý sesi bilen okaýardy.

Ol şygyr okanda duýga däl-de paýhasa üns berýärdi.Aman Baýramberdiýew goşgy okanda, liriki Magtymguly janlanan ýaly bolýardy.Gaty bir belent ses hem däl welin, aşyk Magtymgulynyň söýgüsi diňleýjä ýetýärdi.

Ana, şol ägirtlerden soň Pyragynyň şygyrlaryny köpçülige okamak gaty jogapkärçiligi, yhlasy talap edýär.

Bir gezek Juma Ýazmyradow şeýle diýipdi: Magtymgulyny okamak her kese başardýan zat däl.Meniň özüm hem radioýaýlymlarda akyldaryň şygyrlaryny ýüzlerçe gezek okan hem bolsam, şol döwürler ol şygyrlary okamaga taýyn däl ekenim.

Indi, şahyryň käbir goşgularyny okamagy başarmagym mümkin… Şol sözleri aýdanda halypa segsen ýaşy tegeläpdi.Siziň pikiriňizçe, halypalaryň haýsy biri Magtymgulynyň şygyrlaryny dogry okadyka?!

Dogry okalan… Hemmesini diňleseň hem özboluşly ýakymly. Şol halypalaryň seslerindäki şahyrana labyzda Magtymguly Pyragynyň içki dünýäsi özboluşly açylýar. Şol sesleriň hemmesiniň aňyrsynda beýik şahyra hormat dur. Türkmeniň akyldaryna sarpa bar, buýsanç bar. Hajy aganyň gülüp, bir wakany gürrüň berýändigi ýadymda. Halypalar Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny dogry hem manyly okamakda özara bäsleşer ekenler. Bir gün Hajy Annamämmedow Mälikguly Kepbanowa:

Sen Magtymgulyny okanyňda, maňa meňzejek bolýarsyň, maňa öýkünip okaýarsyň diýipdir. Degişmä düşünen Mälikguly Kepbanow:

Hawa, saňa öýkünip okaýaryn, üstüne öz zehinimi hem goşýaryn weli, men senden has ýokarda bolýan duruberýän diýip, äwmezlik bilen jogap beripdir. Baý, şonda meni duzlad-ow diýip, Hajy aga soň-soňlar hem artistleriň üýşen ýerinde şol wakany gyzykdyryp aýdyp berýärdi.

Umuman, goşgy okalanda, nämä üns bermeli?

Ilki bilen sözleriň basymyny dogry goýmaly.Men sözüň basymyny dutaryň perdesine meňzedýärin.Perdäni dogry basmasaň, başga ses çykýar.Sözlemdäki sözleriň hem basymy dogry ulanylmasa manysy üýtgeýär.

Goşgy hem şeýle.Sözleriň basymyny, aýdylyş äheňini ýerinde goýup aýtsaň, diňläp oturan adamyň maňzyna batýar.Goşgynyň içindäki pikir diňleýjä baryp ýetýär. Şahyrlaryň sözleri, setirleri nähili yhlas bilen saýlaýandygyny Kerim Gurbannepesowyň Zehiniň hötjetligi goşgusynda duýmak bolýar. Şahyr ýeke setir üçin näçe azap çekýär.

Ana, şoňa düşünmeli.Goşgynyň öňündäki jogapkärçiligi duýmaly.

Siz Magtymgulynyň keşbinde şahyryň goşgularyny okaýarsyňyz. Aktýor okasa şahyryň goşgulary has düşnükli eşidilýän ýaly…

Elbetde, aktýor okasa, goşgy diňleýji üçin has düşnükli, täsirli bolýar.Durmuşda, toýlarda, üýşmeleňlerde käbir adamlara gabat gelýärsiň.Tüweleme, Magtymgulynyň gaty köp goşgusyny ýatdan bilýärler. Ýöne olaryň okaýşy sende az täsir galdyrýar. Şu setirleri Hajy Annamämmet, Hommat Müllük, Ata Alow okan bolsa, şu wagt nähili täsirli bolardy diýip içiňden pikir edeniňi duýman galýarsyň.

Aktýoryň goşgyny beýleki adamlardan täsirli okamagynyň sebäbi bar.Ilki bilen sözleriň aýdylyş usullaryny öwrenmek, sözleri täsirli aýtmak olaryň kesp-käri.Olar bütin ömrüne sözleriň manysyny beýnisi bilen öwrenýär, onsoň ony ýüreginden geçirýär. Ýürekde eýlenen sözleri bolsa zybana-dile getirýär.

Magtymgulynyň goşgularyna gezek gelende olar has hem oýlanyşykly çemeleşýärler. Şahyryň goşgularyny okamak üçin aktýoryň bilim derejesi ýetik bolmaly.Halypalarymyň öwredişi ýaly, ol goşgulary ýüregimden geçirip okamaga çalyşýaryn.

Magtymguly, söz binýadyň,

Dilinde ýakynyň-ýadyň.

Hünär ýok, söz bilen adyň,

Halk içinde belli görner.

Söz bilen binýat guran ussadyň sözlerini dogry hem ýürekden okamaly.Indi özüm birnäçe ýyl bäri teatr sungatyna ykballaryny baglasy gelýän ýaş talyplara şu ugurdan sapak berýärin.Halypalarymyň maňa öwredişi ýaly, men hem öz şägirtlerime Magtymgulynyň şygyrlaryny dogry okamagy öwredýärin.

Artist üçin goşgy okap bilmek, goşgynyň içki owazyny gözläp, tapyp bilmek wajyp.Diýmek, türkmen ýaşlaryna, türkmen artistine Magtymgulynyň goşgularyny okap bilmek, onda-da, dogry okap bilmek zerur diýip düşünýärin. Şahyryň yşky-liriki goşgulary tüýs ýaşlar üçin.

Onsoň ýuwaş-ýuwaş pelsepewi goşgulara geçibermeli.Magtymgulynyň şygyrlarynyň temasy dürli-dürli.Söýgi, watançylyk, ahlak, dini, dünýewi… goşgular.Akyldar şahyr jemgyýetdäki ähli zatlar hakynda pikir ýöredipdir. Şu zatlara, şu şygyrlara düşünjek bolmak, şoňa ymtylmak kalbyňy arassalaýar, içki dünýäňi baýlaşdyrýar.

Ýöne käte ýaşlaryň arasynda şahyryň setirlerini gödeklik bilen bozup okaýanlaryny eşideniňde nebsiň-janyň agyrýar. Türkmeniň goşgusyndan bir bendi mysal alalyň:

Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,

Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,

Dagda-düzde kowsa saýýatlar, diri

Alabilmez, ýolbars ogly türkmeniň.

Şu setirler dogry okalmasa, manysy üýtgeýär.Birinji hem ikinji setiriň soňunda berilýän dyngyny üçünji setiriň ahyrynda-da berseň, goşgy ýoýulýar.Näme etmeli?Soňky iki setiriň arasyny bölmän okamaly.

Ritmiň, owazyň bölünmezligi üçin, diri sözünden soň, çala säginip, derrew dördünji setire geçmeli.Eger şeýle edilmese, onda dagda-düzde diri saýýatlar (awçylar) ýolbars ogly türkmeni alabilmez manyny berýär.

Emma Pyragy dagda-düzde kowsa saýýatlar, ýolbars ogluny diri alabilmez manysynda ýazan bolmaly. Çünki, bu ýerde mert ýigidiň öz garşydaşynyň eline diri düşmejekdigi hakynda aýdylýar.Diri awçy hakynda däl.

Kowalaýan saýýadyň diri boljakdygy hemmä mälim ahyry. Ýöne şygyrdaky basymlar, dyngy belgiler ters aýdylanda, diýiljek bolunýan pikirden düýpgöter daşlaşdyrýar. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň şygyrlarynyň dogry okalmagyny gazanmaly. Ýaşlara düşündirmeli.

Olara şu ugurdan kömek berseň, soň olar Magtymgulynyň şygryýet dünýäsinde ýollaryny dowam ederler.Olar hem öz gezeginde öz şägirtlerine şu mekdebi geçirerler.

Muhammetguly Kasymow bilen söhbetdeşlikden soň, çuňňur oýa batdym: Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okamak giden bir sungat oguşýa….

Magtymgulynyň dünýäsi her ussada özüçe täsirlenme berýän bolmaly. Ýene bir waka ýadyma düşýär. Türkmeniň söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizowyň ejesi Gülnabat daýza ogly hakynda şeýle gürrüň beripdi: Onuň ýeke özi kitap okap oturandyr, dürli milletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplary töwereginde tom-tom durandyr. Ýanyna barsam:

Eje, gel, oturyber şu ýerde diýip, şo-ol okar oturardy. Içinden okaýardy. Magtymgulynyň goşgularyny bolsa daşyndan okaýardy.

Oglum, näme üçin hemme kitaplary içiňden okap, Magtymgulyny daşyňdan okaýarsyň? diýsem:

Eje, Magtymgulyny içiňden okamak mümkin däl. Ol meniň içime syganok diýýärdi. Haýran galardym.

Göz öňümden birtopar keşpler geçýär: Gurbannazar Ezizow: Magtymguly meniň içime syganok…, Juma Ýazmyradow: Magtymgulyny okamak her kese başardýan zat däl, Muhammetguly Kasymow: Bu goşgulary okamak üçin bilim derejäň ýetik bolmaly.

Magtymguly Pyragynyň galyň kitabyny elime alýaryn. Şahyryň setirlerini gözüm bilen yzarlap ugraýaryn. Goşgulary içimden okaýaryn, daşymdan, sesli okamaga çekinýärin… Manysyna, çuňlugyna doly düşünmän, ol goşgulary sesli okamaga hakym beri barmyka?! diýip oýlanýaryn…

Gülälek Akmyradowa,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň režissýory, Türkmenistanyň halk artisti.

Ýene degişli makalalar

Söhbediň aýdymy bilen adygan
Aktýor Robert Daunileriň kiçisi öz keşbiniň emeli aň tarapyndan döredilmegini gadagan etdi
Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry 2023
Albaniýada geçirilen matematika olimpiadasynda türkmenistanly okuwçylar medallara mynasyp boldular
Türkmenistanyň Prezidenti Çalsana, bagşy! bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady
11-nji noýabrda Ýaşlar atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar