Magtymguly Pyragynyň heýkelleri dostlugyň nyşany

Häzirki wagtda 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly giň gerimli işler alnyp barylýar.TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan geljek 2024-nji ýylyň Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilmegi meşhur söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasynyň bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygyny tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2014-nji ýyl Magtymguly Pyragy ýyly diýlip atlandyryldy we şol ýylda akyldar şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy uly dabara bilen bellenip geçildi.Magtymguly etrabynda Akyldar şahyryň medeni ýadygärlikler toplumy hem-de muzeýi açylyp ulanmaga berildi.

Bu bolsa halkymyzyň öz şahyryna goýýan hormatyndan nyşandyr.

Häzirki wagtda bolsa ak mermerli paýtagtymyzyň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň beýikligi 60 metre deň bolan heýkeli we medeni-seýilgäh toplumynda gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Ýatlap geçsek, 1971-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda akyldar şahyrymyzyň ýadygärligi oturdylypdy. Mundan başga-da, daşary ýurtlarda hem Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikleriniň birnäçesi bar.

Eýranyň Horasan welaýatynyň Aktokaý diýen ýerinde, Russiýa Federasiýasynda, Ukrainada, Türkiýede we Özbegistanda Magtymgulynyň ýadygärlikleri bar. Tatarystanyň paýtagty Kazanda, Gazagystanyň paýtagty Astanada hem şahyryň ýadygärligini oturtmak göz öňünde tutulýar.

2008-nji ýylyň 16-njy maýynda beýik türkmen şahyrynyň Russiýadaky ilkinji heýkeli Stawropol ülkesiniň Blagodarnensk etrabynyň Edelbaý obasynda açylýar.Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen binagär S.Sarkisowyň taýýarlan bu heýkeliniň açylyş dabarasyna Stawropol ülkesiniň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistandan resmi wekiliýet gatnaşdy.

Magtymguly Pyragynyň Astrahandaky ýadygärligi 2009-njy ýylda Astrahan şäheriniň esaslandyrylmagynyň 450 ýyllygy mynasybetli şähere sowgat berilýär.Astrahan döwlet uniwersitetiniň öňündäki Talyplar seýilgähinde oturdylan bu heýkel meşhur türkmen heýkeltaraşy Saragt Babaýew tarapyndan taýýarlandy.

Taryhçylaryň maglumatlaryna görä, Magtymguly Pyragy Astrahan topragynda ençeme gezek bolupdyr.

Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankaranyň Türkmenistan seýilgähindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi 2012-nji ýylyň 29-njy fewralynda açyldy. Bu ýadygärligi Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen heýkeltaraşlary döretdiler. Gahryman Arkadagymyzyň şa gadamy bilen açylan heýkel türkmen-türk dostlugynyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi. Türkiýäniň Ýozgat şäheriniň Kent seýilgähinde hem Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi bar.

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi 2017-nji ýylyň maý aýynda açylyp, bu ýadygärligiň awtory horezmli ýaş heýkeltaraş Žaswand Annazarowdyr. Magtymguly Pyragynyň heýkelleri bu ýurduň Kaşgadarýo welaýatynda, Horezm welaýatyndaky ÖzbekTürkmen dostluk öýüniň öňünde we beýleki şäherlerinde hem bar.

Beýik şahyrymyzyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewdäki heýkeli 2001-nji ýylda oturdyldy. Bu ýadygärligi heýkeltaraş S.Artykmämmedow bilen binagär W.Skulskiý taýýarlapdyr.

Magtymguly Pyragy bu gün ähli göwünleriň şahyry. Ýyllaryň uzak hatarynyň ara düşmegi bilen şol edebi mirasyň ebedilik häsiýetiniň ýüze çykyşyna göz ýetirmek bolýar. Bu eserler geljekki nesillere baky ýadygärlik galar.

Ýazmyrat ORAZALYÝEW,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň Ankaradaky ýadygärligine bardy
Türkmen diliniň gadymylygy we ösüş taryhy
Berdimuhamedow Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi
AliExpress türkmenistanly müşderiler üçin rus dilinde hyzmat berýär
Orsýetde türkmenistanly student gyz öýken çişmesinden ýogaldy
Stawropol ülkesinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295 ýyllygy bellenildi