Magtymguly Pyragynyň goşgular kitaby ilkinji gezek italýan dilinde çap ediler

Magtymguly Pyragynyň goşgular kitaby ilkinji gezek italýan dilinde çap ediler

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow Rimde Sandro Teti neşirýatynyň baş direktory we esaslandyryjysy Sandro Teti we türkolog professor Federiko De Renzi bilen gepleşik geçirdi.

Duşuşygyň maksady türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyny italýan diline terjime etmek we şahyryň kitabyny neşir etmek boýunça taslamany ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy diýip, Trend habar berdi.

Duşuşykda Magtymgulynyň goşgularyny terjime etmegiň üstünde işleýän Sandro Teti işleriň gidişi barada habar berdi. Şunuň bilen birlikde ol beýik şahyryň adamzat siwilizasiýasyna global ynsanperwer goşandyny belläp, şahyryň baş maksadynyň halklaryň arasyndaky dostlugy we doganlygy berkitmekdigini nygtady. Ol aýratyn hem beýik türkmen şahyrynyň goşgularyny terjime etmegiň Italiýanyň türkolog alymlary üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Neşir Italiýanyň okyjylaryna we alymlaryna türkmen halkynyň baý medeniýetini çuňňur öwrenmäge ýardam eder diýip, professor Federiko De Renzi duşuşykda belledi.

Magtymguly Pyragynyň goşgular kitabynyň italýan dilinde neşir edilmegi onuň doglan gününiň 300 ýyllygyna gymmatly goşant goşar. Özi-de bu kitap şahyryň eserleriniň italýan dilindäki ilkinji neşiri bolar.

Ýene degişli makalalar

Tatarstanyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geldi, Türkmenhowaýollary 2023-nji ýylyň mart aýy üçin petek satuwyny ýola goýdy, Magtymgulynyň goşgulary ilkinji gezek italýan dilinde çap ediler we beýleki habarlar
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Ýewropada ýeňilmedik ýok
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
“Ýuwentusa” taryhy jerime 15 utugy aýryldy
Soňky 5 minutda çempion topar 3 gezek üýtgedi we ahyrynda 66 ýyldan soň gazanylan ýeňiş