Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan ylmy simpozium

15-nji oktýabrda Daşkent şäherinde ýerleşýän Merkezi Aziýa halkara institutynda Gündogaryň beýik akyldary we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Magtymguly Pyragynyň edebi we syýasy-filosofiki mirasy atly ylmy simpozium geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy we Merkezi Aziýa halkara instituty tarapyndan guraldy.

Ylmy simpoziuma Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň ýolbaşçylary, Özbegistan Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik-syýasy we ylmy guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, talyplar, türkmen diasporasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler görnükli şahyryň döredijilik mirasynyň medeni gatnaşyklary giňeltmekde hem-de ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm köpri bolup hyzmat edýändigini bellediler. Şeýle-de Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatynyň arasyndaky arabaglanyşyga seljerme berdiler we şahyryň eserleriniň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini açyp görkezdiler.

Ylmy simpoziumyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakyndaky karary esasynda Özbegistanda edebi agşamlaryň, bäsleşikleriň, maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilýändigi, şeýle-de teatrlarda spektakllaryň sahnalaşdyrylýandygy, türkmen we özbek režissýorlarynyň beýik şahyryň ömri we döredijiligi barada bilelikdäki çeper filmi surata düşürendigi aýratyn bellenildi. Daşkent we Hywa şäherlerinde şahyryň ýadygärlikleri bina edildi.

Şeýle-de, çärä gatnaşyjylar dostlugyň we türkmen halkyna aýratyn hormatyň nyşany hökmünde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan Türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň özbek diline terjime edilen kitabynyň sowgat berilmegine aýratyn ünsi çekdiler.

Ylmy simpoziumyň çäklerinde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sergi hem guraldy.

Ýene degişli makalalar

Daşkentde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan ylmy simpozium geçirildi
Abdulaziz Kamilowa Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen at dakyldy
Daşary Işler Ministrliginde Töwellaçylyk Boýunça Işjeň Maslahat Geçirildi
“Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy” Strategik maslahat beriş Geňeşi döredildi
Türkmenistan BMG Strategik maslahat beriş Geňeşini döretmek teklip edilýär
Türkiyäniň Daşary işler ministri ABŞ-da saparda bolýar