Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň şekillendiriş sungaty eserlerindäki çeper beýany

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň şekillendiriş sungaty eserlerindäki çeper beýany

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy diýip atlandyrylan ýylymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri netijesinde Watanymyz toý-dabaralara beslenýär.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň şekillendiriş sungaty eserlerindäki çeper beýany atly sergi gurnaldy.Sergide eserleriň aglaba bölegi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Polat Garryýewiň şahsy döredijilik eserlerinden ybarat.

Her bir suratkeşiň öz gözýetimi, hyýaly pikirleri eserlerinde beýan edilýär.Polat Garryýewiň Pyragy, Durmuş, Durmuş ýollary, Ene, Intizar gözler, Pursat, Toprakda galan yz atly eserlerinde Magtymguly Pyragynyň ýazan goşgularyna öz pikirlerini filosofiki häsiýetleri we reňk dünýäsiniň baýlygy bilen özboluşly beýan edipdir.

Sergide görkezilen nakgaş eserler bilen heýkel we keramiki eserler hem serginiň mazmunyny düzýär.Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni-mirasyny dünýä tanatmak ugrundaky taýsyz tagallalary esasynda, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, akyldaryň ady dünýä dolýar.

Pyragynyň keşbi we döredijiligi Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapdy.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanyň we bütin türki dünýäniň esasy edebiýatçylaryndan biri bolan Anar Rzaýew
Nadal ― Ruud duşuşygy dünýäniň meşhur şahsyýetlerini özüne çekdi
Gallam bar tyllam bar
Alymlar Aýyň topragynda ösümlik ösdürip ýetişdirdiler
Zelenskiý: "Russiýa garşy sanksiýalar Buçadaky harby jenaýat bilen proporsional bolmaly" diýdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi