Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgüniň bilelikde gurnamagynda Ilimiz agzybir, Watan erkana, Pyragyň arzuwlan eýýamydyr bu ady bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgünde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleriniň durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýandygyny, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň türkmeniň nusgawy edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan akyldar şahyr bolup, onuň şygyrlarynyň döwürdeş we özünden soňky şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edendigi, Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy halkymyzyň ruhy gymmatlygynyň, medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidigini, üç ýüz ýyla golaý mundan ozal döredilen eserler häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmeýändigini, olar dünýä halklarynyň dillerinde ýaňlanýar hem-de ynsan kalbynda ajaýyp duýgulary oýarýandygy nygtadylar.

Mundan başga-da, wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar şahyryň döredijiliginde watançylyk, gahrymançylyk, agzybirlik, il-ýurt hakdaky şygyrlar has-da görnükli orun eýeleýändigi, ol öz ýurduny, halkyny ýürekden söýüp hem-de türkmeniň berkarar döwlet gurup, agzybirlikde, asudalykda, jebislikde rahat ýaşamagyny arzuw edendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN MILLI OÝUNLARYNYŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeni miras - ruhy baýlygymyz atly söhbetdeşlik geçirildi
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
“Arkadag şäheri-geljegiň şäheri”
“Magtymguly Pyragynyň şygyrlary, milli medeniýetiň şöhratly ýoly”
“Medeniýet-milletiň buýsanjy, Magtymguly edebiýatyň şamçyragy”