Magtymguly Pyragynyň döredijiligi terbiýäniň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işler we beýik özgertmeler amala aşyrylyp, zähmetsöýer halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň eşretli durmuşynyň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagy, ýokary hünärli bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň aladasyna eýlenen bu asylly ýörelgeleriň hözirini türkmen ýaşlary durmuşyň her bir ädiminde duýup ýaşaýarlar.Täze gurlan bilim ojaklarynda sowat öwrenip, hünär okuwynda aňyny taplap, önümçilik iş usullaryny birkemsiz özleşdirýän kämil nesiller dürli pudaklarda üstünlikli zähmet çekýärler.

Ata-babalarymyz şu günki hem geljekki nesillere halallyk ýoluny, edep-terbiýäni gymmatly miras galdyrypdyrlar. Pederlerden dowam edip gelýän asyllylyk, halallyk, dogdyk mekanymyza, mähriban halkymyza agzybirlik, ýolumyza wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň biri hasaplanýar.

Ata-babalarymyz watansöýüjilik, ynsanperwerlik, batyrlyk, halallyk ýaly terbiýeçilik ýörelgelerini çaganyň kalbyna guýupdyrlar. Türkmen halkynyň edep kadalary türkmen nesli üçin nusgadyr, görüm-göreldedir, ýol-ýörelgedir. Türkmen halky öz perzentleriniň bagtyýar, has kämil bolmagyny isläp, nesilleriň aňyna edep kadalaryny guýmagyň dürli ýollaryny agtarypdyrlar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi milli terbiýäniň gözbaşydyr. Magtymgulynyň halk paýhasyndan kemal tapan döredijiligi ýaş nesliň pederlerimiziň ruhy ýörelgelerine wepaly bolup ýetişmegi üçin parasatly öwüt-ündewleri özünde jemläp, ynsanyň islendik meselede paýhasly hereket etmeginiň wajypdygy, kämillige tarap her kimiň özüniň ymtylmalydygy ündelýär.

Watançylyk terbiýesi nesillerde geçmişine, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden medeniýetine, bereketli topragyna, medeni we ruhy gymmatlyklaryna buýsanç duýgusyny emele getirmekdir. Dogruçyllyk örän möhüm häsiýete eýe bolup, ynsany bezeýän belent adamkärçiligiň ahlak sypatlarydyr. Ýaşlaryň iň gowy duýgularynyň biri dostluk, birek-birege wepalylykdyr. Ile ýagşylyk etmek bolsa ýaşlara uly hormat getirýär. Bu barada akyldar şahyr ýagşylygyň ynsanyň mertebesini beýgeldýändigini nygtaýar.

Edep-terbiýäniň ilki maşgalada öwredilýär. Ata-ene perzendiň durmuş halypasy hasaplanýar. Pähimdar ata-babalarymyz terbiýeli çagany miweli baga meňzedipdirler. Terbiýeli perzent, göýä miweli daragt ýaly, il-güne hemaýat saýasyny salýar. Ata maşgalanyň galasy, ene ojagyň sütüni hasap edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasy bilen döredilen ajaýyp kitaplarynda hem maşgala ojagy, zenan mertebesi, enäniň maşgaladaky orny, mukaddesligi giňişleýin açylyp görkezilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Orta mekdeplerde mekdep okuwçylarynyň arasynda ýörite zähmet sapaklaryndan oglanlara ussaçylyk işleriniň, gyzlara bolsa, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň we aşpezlik sungatynyň öwredilmeginiň hem, ýaşlarymyzy terbiýelemekde uly ähmiýeti bardyr. Bu ýaşlaryň Watana bolan söýgüsini has-da berkidip, geljege bolan ynamyny artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewlerinden ugur alyp, ýaşlarymyzy asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeler bilen terbiýelemek döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Hut şonuň üçin hem her bir maşgalanyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň borjy edebi mirasymyzdan, şöhratly taryhymyzdan, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alyp, ýaş nesillerimizi döwrebap terbiýelemekden ybaratdyr.

Gyzylgül ANNAÝAROWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

08.11.2020 | Ýurdumyzda Hasyl toýy giňden tutuldy
A.S. Puşkin adyndaky teatr barada monologlar: sahnanyň aňrysyna gezelenç
A.S. Puşkin adyndaky teatr barada monologlar: sahnanyň aňrysyna gezelenç
A.S. Puşkin adyndaky teatr barada monologlar: sahnanyň aňrysyna gezelenç
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda