Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgi bilen Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri halkyň kalbynda hemişelik orun alandygyny, dana Pyragynyň çoh garaşan ajaýyp eýýamy Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hasyl bolýandygy, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmek we ýaş nesillere wagyz etmek mukaddes ýörelgeleriň biridigini belläp geçdiler.
Mundan başga-da çärä gatnaşyjylar akyldar şahyryň watansöýüjilik, halallyk, pespällik, adamkärçilik baradaky goşgulary türkmen nusgawy edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülendigi, mertligi, batyrlygy, watançylygy wasp eden şahyr hökmünde kalplarda orun aldy, munuň özi akyldar şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatynyň uludygyny görkezýändigini nygtadylar.
Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilige, agzybirlige, ruhubelentlige, edermenlige, hallalyga, dost doganlyga çagyrýan şygyrlaryny okap berdiler.