Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy Ukrainanyň diplomatik žurnalynda çap edildi

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy Ukrainanyň diplomatik žurnalynda çap edildi

Ukrainanyň çäginde we ondan daşarda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we olaryň işgärleriň işi hem-de durmuşy, şeýle hem syýasat, ykdysadyýet, işewürlük we medeniýet mowzuklary boýunça makalalary neşir edýän Ukrainanyň meşhur “Kyiv Diplomatic” žurnalynyň nobatdaky sanynda türkmen halkynyň görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň Ukrainanyň çäginde giňden bellenilşi barada makala neşir edildi.

Žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň guramagynda geçirilen iki sany möhüm çäreler barada aýdylýar.Olaryň birinjisi, şu ýylyň maý aýynda Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphanasynda şahyryň ukrain diline goşgular terjimesiniň doly ýygyndysy bolan Magtymguly Pyragy.

Ylham atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasydyr.Makalanyň awtory, täze neşiriň Magtymgulynyň goşgularynyň bahasyna ýetip bolmajak terjimeleri, şeýle hem ömri we döredijiligi barada gyzykly maglumatlaryň özünde jemlenmegi bilen meşhur boljakdygyny ýazýar. Şeýle hem awtor Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýewiň çykyşyna salgylanyp, täze kitabyň nusgawy şahyryň durmuşy we ruhy dünýäsi, şygyrýeti we pelsepewi garaýyşlary hakda köp ýurtlarda we dürli yklymlarda ykrar edilendigini, üç asyr mundan ozal ýaşap geçen beýik şahyryň eserleri şu günki günde hem özüniň terbiýeçilik äheňini ýitirmän häzirki nesiller tarapyndan ahlak, watançylyk, gaýduwsyzlyk, adalatlyk ýörelgeleri oňyn kabul edilýändigini, hem-de şahyryň eserleriniň baý paýhas hazynadygyny, ylhamdygyny, akyldygyny we bilimdigini ýazýar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň möhüm bölegi bolsa “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” ady bilen geçirilen türkmen medeni we taryhy baýlyklary baradaky sergä aýlanyp görmek boldy.

ÝUNESKO-nyň bilelikde belleniljek senelerine girizilen şahyryň 300 ýyllygy şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli çäre Ukrainanyň paýtagynda Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda hem bellenilip geçildi.

Bu çäreler daşary ýurtly we ukrain diplomatlary, ukrain hökümetiniň wekilleri, syýasatçylar, medeniýet we sungat işgärleri, türkmen we ukrain ýaşlary bilen bilelikde bellendi.

Çeşme: Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy

Ýene degişli makalalar

Kiýewde Ukrainanyň “Bilim” jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Malaýziýada Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi
28-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Tokio şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Baku şäherinde Magtymgulynyň goşgular ýygyndysynyň türkmen we azerbaýjan dillerindäki tanyşdyrylyş
Magtymguly Pyragynyň dürli dillerdäki eserleri Kiýew şäherindäki kitaphana gowşuryldy