Magtymguly Pyragy — ynsan kalbynyň öçmejek nury atly göçme kitap sergisi gurnaldy

Magtymguly Pyragy — ynsan kalbynyň öçmejek nury atly göçme kitap sergisi gurnaldy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragy — ynsan kalbynyň öçmejek nury atly göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň millilige, ynsanperwerlige ýugrulan çeper döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedigi barada belläp geçdiler.

Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar Magtymguly Myragynyň ruhy päklige, ahlaklylyga, edeplilige, agzybirlige, halallyga çagyrýan goşgulary döwürdeşlerimiz we nesillerimiz üçin nesihat bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

Ýene degişli makalalar

Moskwada geçirilen halkara onlaýn festiwal-bäsleşiginde türkmenistanly operaçy birinji orny eýeledi
Abdulaziz Kamilowa Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen at dakyldy
Şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi
Pyragynyň arzuwlan zamany geldi
Magtymguly Pyragy ruhy dünýäň çyragy
Bitaraplyk abadan durmuşyň gözbaşy atly söhbetdeşlik geçirildi