Magtymguly Pyragy we türkmen milli aýdym-saz sungaty atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Magtymguly Pyragy we türkmen milli aýdym-saz sungaty atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň şygry esasynda ajaýyp şygar edilen Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly ýylymyzda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz gün saýyn ösüşlere, özgerişlere, şanly senelere beslenýär. Ine, şu 2024-nji ýyl hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy ýurdumyzda giňden dabaralanýar.

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde Magtymguly adyndaky Dil, Edebiýat we Milli Golýazmalar Institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa bilen Magtymguly Pyragy we türkmen milli aýdym-saz sungaty atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz mugallymy kafedrasynyň öwreniji-mugallymy Leýli Gylyjowa alyp bardy.Magtymguly atamyzyň sözlerine aýdym edilen birnäçe eserler ýaňlandy.Soňra talyplaryň ýerine ýetirilmeginde kompozitor Daňatar Öwezowyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döreden Baglar heý atly eserini ýerine ýetirdiler.

Myhmanymyz filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa özüniň Magtymguly Pyragy we türkmen milli aýdym-saz sungaty atly monografiýasy bilen giňişleýin gürrüň berdi.Dabaramyzyň dowamynda birnäçe aýdymlardyr-sazlar, sazyň astynda şahyryň şygyrlaryny labyzly okap berdiler.

Myhmanymyz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň türkmen aýdym-saz sungatynda tutýan orny barada birnäçe gyzykly maglumatlary talyp ýaşlara ýetirdi hem-de döredijilik duşuşygyny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan alkyş sözleri bilen jemledi.

Döredijilik duşuşygy geçirilenden soňra çykyş eden talyplar Täzegül Hapyzowa bilen ýadygärlik surata düşdiler.

Ýene degişli makalalar

Magtymgulynyň jedelli’ goşgularynyň doňdurylan çekişmesi’ haçan açylar?
BIZI ÝAT EÝLESIN DEŇ-DUŞLARYMYZ, ILIM-MENIŇ
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Berdimuhamedow Hökümetiň 10 aýyň jemine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi