Magtymguly Pyragy Türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda

Magtymguly Pyragy  Türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi, Maýa Kulyýew adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi bilen bilelikde Magtymguly Pyragy Türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda atly kitap sergisini gurnady.

Bu kitap sergisinde türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini ylmy esasda öwrenmek babatda giň gerimli işlere badalga berildi. Öz ýaşan döwrüni şygyrlarynyň üsti bilen beýan eden Magtymguly Pyragy ölmez-ýitmez eserleri döreden öňdengörüji dana.

Magtymgulynyň şygyrlary ýyllar geçdigiçe ýüreklere has ýakynlaşýar.Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, ata Watanmyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermek uly mertebe we bagtdyr.

Bu guralan sergidäki kitaplar okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Sergä gatnaşyjylar baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilýän halkara kinofestiwala gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Türkmen medeniýetiniň belent sarpasy
Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň şamçyragy
Halkara internet olimpiadasy geçiriler
Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy
Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasy