Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebinde Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda ady bilen göçme sergi gurnady.
Sergä gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini has giňişleýin öwrenmäge döredilýän giň mümkinçilikler, şeýle-de Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip atlandyrylan ýylymyzda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Diýarymyzyň dürli künjeginde geçirilýän dabaralar barada buýsançly gürrüňler etdiler.
Kitaphanamyzyň hünärmenleri hem sergä gatnaşanlara Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, ýaşlarda watançylyk, mertlik, arassa ahlaklylyk, dogruçyllyk, adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler berdiler. Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi esasynda çekilen suratlardan hem-de kitaphanamyzyň şahyryň şygyrlar ýygyndylary esasynda gurnalan sergisi uly täsir galdyrdy.
Göçme sergä gatnaşanlar ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.