Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň şamçyragy

Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, edebiýat meýdanynda öçmejek yz goýan akyldar şahyr Magtymguly Pyragy söz sungatyna, sözüň gymmatyna uly sarpa goýan şahyr.Magtymguly Pyragy halk arasynda parasatly akyldar, halkyň göwün matlabyny bilen, duýan beýik şahsyýet hökmünde tanalýar.

Agzybirligi, sabyrlylygy, mertligi, ruhubelentligi, watansöýüjiligi, batyrlygy ündemek, ynsanyň mertebesini goramak beýik söz ussadynyň bütin döredijiliginiň hamyrmaýasy bolupdyr.Magtymguly Pyragy goşgularynda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyny wasp edipdir.

Gahryman Arkadagymyzyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly goşgusy akyldar şahyryň adyny arşa göteren eser bolmak bilen, döredijilik bilen meşgullanýan ähli raýatlar üçin nusgalyk mekdebe öwrüldi. Şu ýerde milli Liderimiziň şol goşgusynyň käbir setirlerine ýüzlensek ýerlikli bolar:

Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Köpetdagyň eteginde dana Pyragynyň ägirt uly ýadygärliginiň, medeni-seýilgäh toplumynyň bina edilmegi milli Liderimiziň asylly başlangyjydyr, döwletli işleriniň netijesidir.

Türkmen edebiýatynyň we pelsepe dünýäsiniň ýetişdiren parlak ýyldyzy, Gündogaryň beýik akyldary, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragy bu gün halkara jemgyýetçiligini öz döredijiliginiň daşynda jebisleşdirýär. Özboluşly döredijiligi bilen tapawutlanýan şahyryň baý edebi mirasy öz ruhy, halkylygy we ynsanperwer taglymatlary bilen edebiýat dünýäsindäki täsin hem gaýtalanmajak edebi hadysadyr. Çünki şahyryň döredijiligi türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir döwri, dünýä edebiýatynyň taryhynda bolsa ynsanperwerlige hem-de adalatlylyga çagyryşyň täze bir döwrüni döretdi.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýakynda Aşgabat şäherinde geçirilen Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumda daşary ýurtlaryň ençemesiniň döwlet Baştutanlaryny hem-de dürli derejedäki wekillerini bir ýere jemledi.

Elbetde, bu Gündogaryň beýik akyldarynyň kämil sözüniň güýjünden, öňdengörüji parasadyndan, ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgelerinden habar berýär, şol bir wagtyň özünde, paýhasyň ähli döwürleriň hem-de zamanlaryň täsirinden ýokarda durýandygyny, sözüň birleşdiriji güýjüniň islendik päsgelçiligi ýeňip geçmäge ukyplydygyny ýüze çykarýar.

Munuň şeýledigini gürrüňi edilýän halkara forumda çykyş eden gatnaşyjy döwletleriň Prezidentleriniň beýan eden pikirlerinden hem aňmak bolýar.

Bu gün Magtymgulynyň edebi eserleri dürli halklaryň köňül bezegine öwrülse, şahyryň ajaýyp heýkelleri Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we başga-da birnäçe döwletleriň iň ajaýyp künjeklerinde öz mynasyp ornuny aldy. Şeýle işler diňe bir türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýulýan hormat-sarpa däl, eýsem, adalatlylyga, ynsanperwerlige, jebislige, parahatçylyga, asudalyga, paýhasa hem kämil söze berilýän ýokary baha, söýgi hem buýsanç bolup durýar.

Beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň milli manatda hem şekili bar. Bu zatlaryň ählisi Magtymguly Pyraga milli we halkara derejesinde ýokary baha berilýändiginiň, şeýle hem aýratyn hormatlanýandygynyň subutnamasydyr. Milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!

Gurbannazar ÇOWDYROW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany
Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞDY
Halkara internet olimpiadasy geçiriler
Türkmen medeniýetiniň belent sarpasy
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi