MAGTYMGULY PYRAGY ŞYGRYÝET ŞALYGYNYŇ BOSSANY

MAGTYMGULY PYRAGY ŞYGRYÝET ŞALYGYNYŇ BOSSANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki Ýaşlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan çagalaryň arasynda Magtymguly Pyragy şygryýet şalygynyň bossany ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde akyldar şahyryň şygyrlarynda kalbyňa ruhy lezzet berýän pikirler, güýç-gurbat berýän setirleri näçe diýseň bar. Hut şonuň üçin hem şahyryň şygyrlaryny şygyr äleminiň mähek daşy diýip atlandyrylandygy, Gahryman Arkadagymyz: Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewiligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr diýmek bilen, beýik akyldar şahyrymyza uly sarpa goýýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, watansöýüjilik ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, dünýä tanatmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Wladimir Putin bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi
Gurbanguly Berdimuhamedow we Masud Pezeşkian Aşgabatda duşuşdylar
Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymgulynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysyny sowgat etdi