MAGTYMGULY PYRAGY-DÜNÝÄ ŞAHYRY

MAGTYMGULY PYRAGY-DÜNÝÄ ŞAHYRY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry atly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda akyldar şahyrymyzyň şan-şöhraty dünýä dolýar.Magtymguly Pyragynyň aňrysyna-bärsine göz ýetmeýän umman deý döredijiligi ynsanyň kalbyna şamçyrag deý ýagtylyk saçýar.

Aýratynam, umumadamzada mahsus bolan döwlet gurmak, agzybirlik, dost-doganlyk gatnaşygy hakyndaky pikirler, akyldar şahyryň şygryýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.Magtymguly Pyragynyň paýhasa öwrülip, halkyň kalbynda ornaşan setirleri tutuş bir ummana barabardyr.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň nesillerimizi, mynasyp terbiýelemekde uly ähmiýeti bardygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge uly mümkinçilikler döredip berýän, taryhy şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan sportuň we üstünlikleriň ýurdy
Türkmenistan sport ýurdy
Türkmen medeniýetiniň belent sarpasy
Magtymgulynyň pars diline terjime edilen goşgular ýygyndysy çap edildi
Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasy
Halkara olimpiada gatnaşyjylar Magtymguly muzeýine aýlanyp gördüler
Gahryman Arkadagymyz Hakyda göwheri atly kitabyny ýazyp tamamlady