Magtymguly Pyragy dünýä gymmatlygy

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligi asyrlaryň dowamynda adamzadyň gymmatly hazynasyna öwrüldi.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň eserleri dünýä ýaýylýar, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyz dost-doganlygyň mekanyna öwrüldi. Ýakynda Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumyň geçirilmegi hem çuňňur many-mazmuna eýe boldy.

Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary halkyň ruhy dünýäsinde mynasyp orun aldy, dünýä edebiýatynyň hem bahasyz gymmatlygyna öwrüldi.

Magtymguly Pyragy şygryýetiň ählumumy aragatnaşyk usulydygyna we başgalar bilen pikir alyşmaga hem-de toplan tejribesini paýlaşmaga kömek edýän açardygyna ynanmak bilen gymmatly şygyrlary döretdi.Türkmen edebi dilini esaslandyryjy Magtymguly Pyragy ölmez-ýitmez döredijiligi bilen ähli döwürlerde halkyň aýratyn hormatyna mynasyp boldy.

Magtymgulynyň ady Ýunus Emre, Ferdöwsi, Rudaki, Nowaýy, Nyzamy, Gýote, Dante, Şekspir, Rustaweli we Puşkin ýaly geçmişiň görnükli akyldarlary bilen bir hatarda dünýä medeniýetiniň altyn gaznasynda aýratyn orun eýeleýär.

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragy türkmenlere uly bagty peşgeş beren, parahatçylygyň we agzybirligiň bütin dünýädäki beýik wekilidir. Paýhasy ählumumy gymmatlyga öwrülen Magtymguly ruhy aňyýet dünýäsiniň iň tanymal şahsyýetleriniň biridir. Çünki şahyryň edebi döredijiligi dünýä medeni mirasynyň bir bölegidir.

Bu günki günde Magtymgulynyň eserleri dünýäniň köp dillerine terjime edildi.Daşary ýurtlarda şahyryň heýkelleri oturdyldy we onuň ady köçelerdir seýilgählere dakyldy.Magtymguly Pyraga bagyşlanyp kino, sahna, simfoniki, opera eserleri döredildi. Şahyr barada hekaýalar, powestler ýazyldy.

Suratkeşler Magtymgulynyň portretini çekdiler, zenanlarymyz şahyryň keşbini hala geçirdiler.Beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň milli manatda hem şekili bar.Bu zatlaryň ählisi beýik Magtymguly Pyraga milli we halkara derejesinde ýokary baha berilýändiginiň we aýratyn hormatlanýandygynyň subutnamalarydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasy bilen gojaman Köpetdagyň eteginde bina edilen äpet heýkel bolsa dana Pyragynyň beýikligi baradaky pelsepäniň sungatyň dilindäki beýany bolup, ony gören gözleri, gözel paýtagtymyza gelýän her bir myhmany haýrana goýýar.

Gaýtalanmajak milli gymmatlyklarymyza, ömrüni halkyň ruhy hazynasynyň baýlaşmagyna bagyşlan ussatlarymyzyň döredijiligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Bagtygül RAHYMOWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Mergen OTUZOW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy
Üç asyrdan bäri saýraýan bilbil
Akyldaryň okan mekdebi
Täjik edebiýaty
Milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzy