Magtymguly Pyragy — berkararlyk şygary atly göçme sergisi geçirildi

Magtymguly Pyragy — berkararlyk şygary atly göçme sergisi geçirildi

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli Magtymguly Pyragy — berkararlyk şygary atly kitap sergisi, şeýle-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň waspy şekillendiriş sungatynda atly Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda muzeýiň göçme sergisi gurnaldy.

Bu gurnalan göçme sergide kitaphananyň hünärmenleri dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda çykan kitaplary hem-de şahyrana döredijiligi barada talyplara giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlap çeken suratlary hem sergä gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Göçme serginiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlara döwrebap ylym-bilim almak üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerine çäksiz alkyşlar beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl, Göçme Hassahanany Nyşana Aldy
Parahatçylygyň ýaş çaparlary: 2-nji möwsümiň ýeňijileri mälim boldy
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum
“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi
Nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeldilýär
16 Ýurt 34 Göçme Hassahana Gurdy
Ýer Titremeleriniň Başdan Geçirlen Sebitlerinde 28 Ýurt 30 Göçme Hassahana Gurdy