Magtymguly Pyragy adamzat kalbynyň şahyry

Gündogar edebiýatynda öçmejek yz goýan, poeziýa äleminde ady altyn harplar bilen ýazylan beýik akyldaryň biri hem Magtymguly Pyragydyr.Onuň bize galdyran döredijiliginiň gymmatyna diňe şahyr hökmünde garalsa bärden gaýdyldygy bolar.

Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr.Oňa şygryýet dünýäsiniň täjini başyna geýen hökümdar diýsek hem ýalňyşmarys.

Magtymgulynyň ady, onuň şahyrana owazy öz döwründe we şondan soňraky ýyllarda, aýratynam Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýokary derejedäki umumy döwlet syýasatynyň netijesinde, ýedi yklyma ýaýbaňlanýan ýaň bolup, älem-jahana ýaýrady.

Bu adyň we bu owazyň özboluşly, iňňän gymmatly tarapy onuň ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem, tutuş bir milletiň – türkmeniň at-owazasyny, abraýyny tug kimin belende galdyrandygy bilen häsiýetlendi. Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir.

Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy.Batyrlygyň, adamkärçiligiň, azatlygyň, zähmetsöýerligiň, halallygyň, watanperwerligiň, parasatlylygyň, kiçigöwünliligiň, kanagatlylygyň, oňşuklylygyň, myhmansöýerligiň, umytlylygyň we adama mahsus gaýry birnäçe oňat häsiýetleriň hemmesini özünde jemleýän türkmeniň hakyky bitewi keşbi häli-häzirem Magtymgulynyň döredijiligindäki ýaly derejede doly we her taraply, çeper we çuňňur, adamzat kalbynyň içinden eriş-argaç bolup geçişi ýaly ähli döwürleriň durmuş hakykatyna laýyk gelýän röwüşlerde şekillendirilen däldir.

Akyldar şahyr diňe bir öz döwründe däl-de, häzirki döwrümizde hem tutuş adamzat jemgyýetini özgerdiji, terbiýeleýji güýç bolup durýar. Beýik akyldaryň şygyrlary ynsan kalbynyň ruhy lukmany bolup, daşyň ýüzüne iňňe bilen oýup ýazylan ýaly, her bir adamyň ýürek töründe orun aldy.

Akyldar şahyryň asyrlaryň jümmüşinden ýol ýasap, häzirki günlerimize gelip ýeten şygyrlarynyň aglaba bölegi bolsa edep-terbiýeçilik, watançylyk, temasyndadyr. Beýik akyldaryň watançylyk goşgularynda watançylyk duýgusynyň inçe we ýiti beýan edilmegi hakyky taryhy mazmuna eýedir. Türkmeniň goşgusynda Jeýhun bilen Bahry-hazar arasy diýip, bir setirde türkmen kartasyny suratlandyrmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Magtymguly Pyragynyň esasy öňe süren maksady bolsa türkmeniň bir bitewüligini gazanmak, jebis bir döwleti gurmak bolupdyr. Ol bütin ömründe berkarar döwletiň arzuwynda gezipdir. Muňa şahyryň Türkmeniň, Gürgeniň, Türkmen binasy, Istärin ýaly goşgularyny mysal getirmek bolar.

Pyragy yşka ugraşdym,

Derýa girdim, möwje düşdüm,

Hor galmasyn puştdan-puşdum

Berkarar döwlet islärin.

Häzirki wagtda bolsa şahyryň goşgularynyň köpüsi halk aýdymlaryna öwrüldi, şol goşgy setirleri adaty adamlaryň durmuşyna pugta ornaşan hem bolsa ganatly sözlere we nakyllara öwrülip galypdyr. Magtymguly Pyragy birnäçe şahyrlaryň gaýybana halypasy bolup, döredijilik ýolunda uly görelde mekdebine öwrüldi.

Nakyla öwrülen sözleň asaldyr,

Şanyň ýitmez geçse geçsin asyrlar,

Ýoluna çyraglandy bu gün nesilleň,

Paýhas mekdebiňe uýup Pyragym.

Öz halkyny söýen şahsyýet beýleki halklary hem söýmäge ukyplydyr, öz mertebesini saklap bilen adam ähli adamlaryň mertebesini hem belende göterip biler. Şahyryň öz döwründe dünýä, ynsan, ýaşaýyş baradaky halka ýaýran oňyn pelsepewi garaýyşlary, jemgyýetiň, adamlaryň ruhy kämilligi baradaky eden wesýetleri öz halkyna bolan çäksiz söýgüsiniň netijesidir.

Magtymguly döwürdeşlerini, halka adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýyşyň gözbaşynyň nämedigine göz ýetirmäge, bolup geçýän zatlaryň düýp mazmunyna düşünmäge çagyrdy.Adamlary paýhaslanmaga, özüne düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrdy. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy.

Bu ajaýyp şygyrlardaky ýugrumy ýeten, sagdyn pikirler diňe bir türkmen halkynyň geljegi üçin däl, eýsem, bütin adamzadyň durmuşy we ruhy zerurlyklary üçin hem mynasyp ýol-ýörelge boldy.Hut şonuň üçin hem şahyryň şygyrlar dünýäsiniň gymmaty milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň medeni gymmatlyklaryna, adamzat paýhasynyň genji-hazynasyna öwrüldi.

Magtymgulynyň döredijiligi bu gün diňe türkmen halkyna däl, eýsem, tutuş adamzada ruhy lezzet berýär. Şonuň bilen birlikde, şahyryň döredijiligi durmuş bilen baglanyşykly meseleler babatda oýlandyrýan döredijilikdir.

Magtymguly Gündogar edebiýatynda san bolsam diýip arzuw edipdir, emma ol bu günki gün Gündogar edebiýatynda san däl-de, onuň sahyby boldy, hany-soltany boldy.Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragy çuň mazmunly ajaýyp şygarlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň baý hazynasyna uly goşant goşan beýik akyldardyr.

Gündogaryň Firdöwsi, Rumy, Nyzamy, Fizuly, Rudaky, Nowaýy ýaly edebiýat äleminiň ägirtleriniň hatarynda mynasyp orun alan Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygryýeti tutuş adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir diýip belleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy goşgusynda şeýle setirler bar.

Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,

Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,

Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr,

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Magtymguly Pyragynyň bütin ömrüniň dowamynda arzuwlan döwrüdir. Şahyryň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri biziň şu günki bagtyýarlyk döwrümiziň syýasatynyň esaslaryny düzýär. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň yhlasy bilen şahyryň abraý-mertebesi has-da artyp, onuň eserleri dürli daşary ýyrt dillerine terjime edildi. Magtymguly Pyragy adamzat kalbynyň beýik akyldar şahyryna öwrüldi.

Gülşat AKYÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasynyň müdiri t.y.k., uly mugallym.

Ymamguly REJEPOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Marytelekom WEAK-da Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak atly maslahat geçirildi
Ýaşlar ýurdumyzyň geljegi
USAID-iň YDA taslamasy Mary şäherinde IT ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlady
USAID-iň YDA taslamasy Mary şäherinde IT ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlady
“Huawei” täze akylly sagat çykardy
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi