Magtymguly Pragy

Magtymguly Pragy

Hepdelik tapgýrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda türk edebiýatynyň öňbaşçysy we türkmen edebi diliniň esaslandyrylmagyna uly goşant goşan Magtymguly Pragy hakynda gürrüň bermekçi.

Türkmen halkynyň beýik şahyr ogly Magtymguly Pyragy gökleň türkmenlerindendir.Pyragy onuň edebi lakamydyr.Ol takmynan, 1724-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar.Ol ömrüniň​ köpüsini​ Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde gejiripdir. Şahyr "Äleme belgilidir" diýen şygrynda Ýar geler, wagt-da gider, gaflata çykmyş gözlerim.

Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr; Bilmeýen soranlara aýdyň, bu garyb adymyz: Asly-çerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymgulydyr diýip, öz adyny we niredendigini, kimlerdendigini aýdýar.Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azady, ejesi Orazgül bolupdyr.

Magtymguly başlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar.Ol bu barada: "Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir" - diýip ýazýar.Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar.Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler.

Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr.Ol dürli kitaplary çakdan- aşa köp we irginsiz okapdyr.Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowaýatlary, goşgy-gazallary, erteki we nakyllary höwes bilen diňleýär eken.

Ol kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir.

Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren Döwletmämmet onuň ylymly adam bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir.XVIII asyrda Etrek, Ahal, Mary sebilerinde güýçli medreseler bolmandyr. Şonuň üçin Döwletmämmet Azady öz oglyny ilki Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerlesýän, ol wagt güýjli hasap edilen Ydris babanyň medresesine okuwa iberýär.

Magtymguly bu medresede birnäçe wagt okaýar.Soňra ol Buhara gidýär, Buharada Gögeldaş atly medresä okuwa gidýär we onda iki ýyl okaýar. Şahyr hem medresede ders berýän şiraly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen hem tanyşýar we onuň bilen dostlaşýar.

Emma medresedäki talyplaryň tertip-düzgüniniň bozuklygy Magtymgulynyň bu medresäni taşlamagyna sebäp bolýar.

Magtymguly esasy bilimi Hywadaky Sirgazy medresesinde alýar.Ol Sirgazy medresesinde 3 ýyl okaýar.Medresede berilýän dersleriň daşynda hem Gündogaryň görnükli şahyrlary: Nyzamynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Nowaýynyň we başgalaryň eserlerini irginsiz okaýar.

Ol medresede okaýanlaryň arasynda özuni derrew tanadyp, zehinli talyplaryň hataryna goşulýar.Okuwyň ilkinji ýylynda Magtymguly talyplaryň halypasy bolýar.Soňky ýylda bolsa, mugallym özi ýok wagty ders geçirmegi-de Magtymgula ynanýar ekeni.

Emma kakasynyň ýarawsyzlanandygy üçin medresäni doly tamamlap bilmändir.Magtymguly öz döwrüniň iň bilimli we düşünjeli adamy bolup ýetişipdir.Magtymguly jahankeşde adam bolupdyr.Dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmek duýgusy onda ýaşlykda döreýär.

Bu syýahatlar şahyryň dünýägaraýşyny giňeldipdir.Magtymguly oglan okatmakdan başga tanymal zergär bolupdyr we kümüşden, altyndan dürli bezeg şaýlaryny ýasapdyr.Magtymgulynyň maşgala ýagdaýy jedelli meseleleriň biri bolup durýar.

Goşgularyna esaslanyp, onuň Meňli diýen gyzy söýendigini, ýöne käbir sebäplere görä alyp bilmändigi hakda alymlar netijä gelýärler.Magtymgula Akgyz diýen ýeňňesi dakylýar.

Ondan iki ogul bolup, olar hem ýaşlykda ýogalýarlar. Şahyr ogullarynyň ölümine gynanyp, "Yzlamaýan bolarmy", "Mübtela kyldy“ eserleri döredipdir.

Magtymguly örän parasatly, gepe çeper, märekesöýen adamdy. Ol özüniň gowy häsiýetleri bilen halka görelde görkezipdir, akyl-paýhasy bilen köp adamlary terbiýeläpdir.

Magtymguly, takmynan, 1807-nji ýylda Atasary diýilýän çeşmäniň boýunda, Soňudagyň ýanynda aradan çykýar. Ony kakasynyň ýanynda "Garry molla" (Eýranda) gonamçylygynda jaýlapdyrlar.

Magtymguly hakyndaky ylmy barlaglar 1842-nji ýyldan bäri dowam edýär.Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň golýazmalar bölüminde şahyryň diwanynyň 100-den gowrak nysgasy bardyr.Doglan gününiň 250 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda Şamuhammet Gandymow tarapyndan iki jiltlik diwany çap edilýär.

Anyklanan goşgularynyň sany 500-e barabar.Türkiýede 1961-nji ýylda “Magtymgulynyň diwany we ýedi asyrlyk Türkçe şygyr” ady bilen Hüseýin Kazym Kadri tarapyndan neşir edilýär. 1992-nji ýylda Himmet Biraý tarapynda 304 goşgusyny öz içine alyan “Magtymgulynyň Diwany” atly eser çap edilýär.

Ýene degişli makalalar

BIZI ÝAT EÝLESIN DEŇ-DUŞLARYMYZ, ILIM-MENIŇ
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Gorkut ata halkara kinofestiwalynda Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi görkeziler
Azerbaýjanda Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy