Magtymguly Garlyýew adyndaky Daşoguz welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti

Magtymguly Garlyýew adyndaky Daşoguz welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň zehinli talyplarynyň we aýdym-saz toparlarynyň dabaraly konserti geçirildi.

Konserde ilki bilen Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly ýylyna bagyşlanyp, konserwatoriýanyň uçurymy, häzirki wagtda bolsa şol ýörite sungat mekdebinde zähmet çekýän zehinli ýaş mugallym Toýjan Toýlyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde halk we milli saz gurallary orkestriniň ýetirmeginde şol okuwyň Ýörite fortepiano hünäriniň talyby Miras Amanowyň ýerine ýetirmeginde akyldar dana şahyryň şygyrlarynda Öwezgeldi Tekäýewiň sazyna Ýar ýüzüňden hem-de Orazgylyç Gurbannyýazowyň Boýlaryňa atly meşhur aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Soňra bolsa, edil şol ýerine ýetirilişde meşhur sowet we ermeni kompozitory Arno Babajanýanyň Altyn tangosy (“Золотое танго”)-syny ýerine ýetirdi.

Soňra konsert ýekelikdäki çykyşlar bilen dowam etdi. Fortepiano hünäriniň şu ýyl uçurym boljak IV ýyl talyby Miras Amanow romantik polýak kompozitory Friderik Şopeniň Ekspromt-fantaziýa (ol 66. cis-moll) atly uly göwrümli meşhur eserini ajaýyp ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Yzy süre, ýörite sungat mekdepleriniň arasynda geçirilen bäsleşikde Halk saz gurallary-nyň çirtilip çalynýan görnüşinde ýeňiji bolan Resul Reýimbaýew Dilaram Ahmedowanyň sazandarlyk etmeginde Aleksandr Sygankowyň Korobeýniki atly şowhunly sazyny ýerine ýetirip tomaşaçylaryň dabaraly gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Konsertiň dowamynda ýokarda ady agzalan topar bilen ýekelikde aýdym aýtmak sungaty hünäriniň talyplary bilelikde birnäçe aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirdiler.Ilki bilen skripka hünärinde okaýan III ýyl talyp Asal Ruslanowa Hydyr Allanurowyň Pyragynyň sözlerine döreden Näme sen atly aýdymyny orkestr bilen ýerine ýetirdi.

Ondan soňra bolsa, Ýekelikde aýdym aýtmak hünäri boýunça şu ýylyň uçurum IV ýyl talyby Pälwanmyrat Bakyýewiň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň akyldar dana şahyryň sözlerine ýazan Uýat eýleýir, soňra bolsa Çary Nurymowyň Niçik söz tapaýyn atly Ata Atajanowyň sözlerine ýazan romansdyr-aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Jemleýji pursatlarda Hezretulla Reýimbaýewiň gaýtadan işlemeginde türk halk aýdymy Üsküdar’a gider iken atly aýdymy hem-de meşhur halypa sazanda Pürli Saryýewiň Şatlyk atly saz eserleri ýaňlanmagy bilen tamamlandy.

Konsert jemlenenden soňra, ýörite sungat mekdebiniň ýolbaşçysyny we çykyş eden talypdyr-mugallymlary konserwatoriýadaky kärdeşleri we talyp deň-duşlary gutlap, gül desse çemenlerini sowgat berdiler we bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda skripkaçy Aýbölek Muhyýewanyň solo konserti boldy
TMK-nyň Uly zalynda Sergeý Rahmaninowyň doglan gününiň 145 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy
Italiýaly pianinoçy Roberto Prosseda Aşgabatda konsert berdi
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy