Magtymguly atly ajaýyp kitapdan

Magtymguly atly ajaýyp kitapdan

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly atly ajaýyp kitapdan söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen täze kitap akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, döwletlilik baradaky filosofik garaýyşlaryny beýan edýän hem-de türkmen tebigatynyň waspyny belentden ýetirýän şygyrlaryny öz içine alýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de söz ussadynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň baýram edilýän günlerinde, dana şahyryň paýtagtymyzyň günorta künjeginde bina edilen belent heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, beýik şahyra uly sarpa goýulýandygyny, onuň ömrüniň, döredijilik mirasynyň häzirki we geljek nesiller üçin görelde bolup durýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, ýerli ýaşaýjylaryň hereketi çäklendirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim ulgamy boýunça resminamalara gol çekildi
Ykdysady ösüşler abadançylygyň kepili
Tebigat we ekologiýa
Türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa sapary başlandy