Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti “Times Higher Education (THE)” guramanyň reýtingine girdi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti “Times Higher Education (THE)” guramanyň reýtingine girdi

Merkezi Beýik Britaniýada ýerleşýän “Times Higher Education (THE)” guramasy dünýä derejesinde ýokary bilime baha bermek ulgamynda iň abraýly reýtingleri düzüjileriň biri bolup durýar.XX asyryň 70-nji ýyllarynyň başyndan bäri hereket edýän “Times Higher Education (THE)” guramasy bu ulgamda baý tejribä eýe bolmak bilen, ol 2004-nji ýylda bütindünýä uniwersitetler reýtingini neşir etmeklige başlady hem-de bu ugurda öňdebaryjy gurama öwrüldi.

Gurama öňdebaryjy ýokary bilim edaralarynyň reýtingini düzmekde mukdar we hil görkezijilerini öz içine alýan düýpli we deňagramly usulyýeti ulanýar.Bu usulyýet ýokary okuw mekdebiniň akademiki abraýy, neşirleri we olara salgylanmalary, halkara hyzmatdaşlygy, şeýle hem uniwersitetleriň maliýe we önümçilik görkezijileri ýaly birnäçe maglumatlara esaslanýar we olar her ýyl ygtybarly ölçegler hem-de bütin dünýäde müňlerçe alymlaryň we bilermenleriň seljermeleriniň netijenamalary boýunça toplanýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti “Times Higher Education (THE)” guramasynyň “World University Ranking 2025” atly uniwersitetleriň bütindünýä reýtingine habarçy-agza (Reporter) hökmünde ýörite sanawa girizilmegi uniwersitetiň bütin dünýäde öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň reýtingine goşulmagy üçin öňde goýlan maksatlara ýetmegi babatynda möhüm ädim bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hakara üstünligi
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy, üç sany türkmen ýokary okuw mekdebi dünýä sanawyna girdi, Lebapda senetçileriň halkara festiwaly tamamlandy
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi
Türkmenistanda diplomlary ykrar ediljek ÝOJ-laryň sanawy
Öňdebaryjy okuw mekdepleriniň sanawy düzüldi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň ýaşlarynyň 2021-nji ýylda Türkiýäniň 43 ýokary okuw mekdebine okuwa girip biljekdigini tassyklady