Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti All University Info sanawyna goşuldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti All University Info sanawyna goşuldy

All University Info boýunça dünýäniň uniwersitetleriň sanawyna Türkmenistandan ilkinji ýokary okuw mekdebi bolup Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hasaba alyndy. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.

All University Info sanawynda dünýäniň 180-den gowrak ýurdundan ýokary okuw mekdepleri hasaba alnyp, öz ýurdunyň uniwersitetleriniň sany boýunça iň öňdebaryjy 10 ýurduň sanawy düzülýär.

Ähli uniwersitetleriň sanawy ýurtlar, şeýle hem Afrika, Aziýa, Merkezi Amerika, Ýewropa, Orta Gündogar, Demirgazyk Amerika, Okeaniýa, Günorta Amerika we Karib adalarynyň ýurtlary ýaly sebitler boýunça tertipleşdirilýär.

All University Info sanawy QS World University Ranking reýtingine salgylanýar we dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri barada iň täze maglumatlary çap edýär. Bu reýtingden ugur alyp, All University Info dünýäniň iň köp uniwersitetleriniň ýerleşen öňdebaryjy ýurtlarynyň sanawyny neşir edýär. Bu ýurtlar ýokary hilli bilimi bermek bilen tanalýar we talyplaryň arasynda has meşhurdyr.

Ýene degişli makalalar

IDEA+ agentligi: Belarusuň ýokary okuw mekdepleri Türkmenistandan dalaşgärleri kabul etmegini dowam edýär
Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti UI GreenMetric World University Ranking ulgamynda hasaba alyndy
Türkmenistan internetiň tizligini ýokarlandyrmagy we nyrhnamalaryň bahasyny arzanlatmagy meýilleşdirýär, Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýne geldi, Türkmenistan Uniwersitetiň üç missiýasy halkara derejesindäki diplomlary ykrar eder