Magtymguly, adyň döndi Pyraga atly aýdym-sazly döredijilik söhbetdeşligi

Magtymguly, adyň döndi Pyraga  atly aýdym-sazly döredijilik söhbetdeşligi

2024-nji ýyly Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenip geçilýän ýylynda şahyry hormatlap bu ýyla Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýilmegi halkymyzyň ruhuny asmana göterdi.

Diýarymyzyň ösüşleri, Watanymyzyň şan-şöhraty halkara abraýy ýaş nesillerimizde buýsanç joşgunyny has-da artdyrýar. Ýaş nesilleriň kalbynda Magtymguly Pyragynyň nusgalyk döredijiligine uly hormat bimöçberdir. Şahyryň her bir setirleri aýdyma öwrülip halkymyz durşuna mukam setirlere çäksiz buýsanç uly söýgi bilen garaýar.

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň gurnamagynda Magtymguly, adyň döndi Pyraga atly aýdym-sazly döredijilik söhbetdeşligi geçirildi.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň aýdym-saz mugallymlary we talyplary çykyş etdiler. Adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi çykyş edenleriň söhbetiniň esasy mazmuny boldy. Dünýä şygyrýetiniň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat goşgulary halkymyzyň watançylyk ruhuny beýgeldip abraýyna abraý, badyna-bat gatdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk konsertine tomaşa etdi
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi
Aýdym-saz ruhy baýlygymyz
Balkanabat şäherinde Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň welaýat derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi
Magtymguly Pyragy Türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda
Halk saz gurallary hünäriniň talyby Osman Sapargeldiýewiň ýekelikdäki konserti