Maglumat geçirmegiň tizliginde täze rekord

Soňky ýyllarda tehnologiýanyň ösmegi bilen maglumat geçirijilik tizligi barha artýar Şeýle bolansoň, bu ugurda ýygy-ýygydan rekord täzelenýär. Ýarymgeçiriji önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bolan Intel hem-de Broadcom maglumat iberijiliginde täze sepgide ýetdiler.

Taýýarlanan täze standarda laýyklykda, “Wi-Fi 7” (Wi-Fi ülňüsiniň 7-nji nesli) tehnologiýasy maglumat iberijiligiň tizligini sekuntda 5 GB-a ýetirmäge mümkinçilik berýär.Bu görkeziji howa arkaly maglumat geçirmekde “Wi-Fi 6”-dakydan 5 esse ýokarydyr.

Bu tehnologiýa üç ölçegli şekilleri hödürleýän hyýaly hakykat enjamlaryny bökdençsiz ulanmaga mümkinçilik berer.Mundan başga-da täze tehnologiýa 16k durulygynda wideoýazgylary döretmäge hem mümkinçilik berer.Täze tehnologiýanyň 2024-nji ýylda söwda maksatly önümçilige goýberilmegine garaşylýar.

Mergen Selimow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby

Ýene degişli makalalar

Balkan Interneti çäklendirip, howpsuzlygy güýçlendirip, G.Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlanýar
Aşgabatda öýlere çekilen WiFi Internet aragatnaşygynyň hili ýaramazlaşdy
Lebapda turan güýçli ýel köp adamyň hassahanalara ýüz tutmagyna getirdi
Google Translate indi türkmen dilini oflaýn ýagdaýda hem goldaýar
ТУРКМЕНСВЯЗЬ И МИНЦИФРЫ РФ НАЛАДЯТ ОБМЕН ОПЫТОМ ПО ТЕХНОЛОГИЯМ "УМНОГО ГОРОДА"
Baýramçylyk günlerinde 'Altyn Asyryň' hyzmatlarynyň hili juda ýaramazlaşdy