“Maglev” tehnologiýaly ulaglar 

Hytaýyň Jiangsu sebitinde “Maglev” otly tehnologiýasy adaty awtoulaglarda synag edilýär.Bu tehnologiýa magnitli bolmagy bilen tapawutlanyp, otlynyň tigirleriniň relse iň az derejede galtaşmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, sürtülme azalyp, otly has ýokary tizlikde hereket edýär. Şeýle otlular synag sürüşlerinden 600 kilometr tizlik bilen gidip bilýän hem bolsa, adatça 350 km, käýerlerde 500 km/sagat tizlik bilen ýöreýär.

Awtoulaglara oturdylan bu tehnologiýa arkaly ulagyň tigirleri ýere galtaşmazdan ýolda hereket edýär.Awtoulagy synagdan geçirmek üçin 7,9 kilometrlik ýola elektromagnitli relsler düşelipdir. Şeýle hem sekiz awtoulagyň aşagynda güýçli magnit oturdylypdyr.

Ulaglaryň bäşisiniň gibrid ýa-da dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýändigi mälim edildi.Geçirilen synagda awtoulaglar ýerden 35 mm ýokarda, sagatda 230 km tizlik bilen hereket etdi.

Bu ugurdaky synaglaryň dowam etdiriljekdigi mälim edildi.

Aýjan Ataýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Hindistanly maşgala köne awtoulagy bilen hoşlaşyk dabarasyny gurady
Maryda awtoulag şaýlaryny satýan hususy dükanlar köpçülikleýin ýapyldy
Lebapda dizel ýangyjy diňe gündiz satylýar, gije ýük ulaglarynyň nobaty döreýär
Ulaglary ada geçirmek, guratlyk barlagy gymmatlady, sebäbi düşündirilmedi
Köýtendag-Kerki gara ýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasynda bir polisiýa işgäri öldi
Beýik Ýüpek Ýoly kompaniýasy täze Toyota Land Cruiser 250 kysymly ulagyň tanyşdyryşyny geçirdi
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär