Magistral turbageçiriji ulag desgalarynyň gorag zolaklarynyň Tertibi hakynda resminama taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar

Türkmenistanyň Hökümetiniň 18-nji awgustda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, magistarl turbageçiriji ulag desgalarynyň gorag zolaklaryny tertiplerşdirmek hakynda resminamanyň taslamasy taýýarlanylýar.

Magistarl turbageçirjili ulag hakynda“ Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taýaýrlanylýan bu resminama nebit we nebit önümleri, tebigy hem-de suwuklandyrlan gaz akdrýan turbageçirijileriň ugrunda gorag zolaklaryny kesgitlemegiň tertibini kadalaşdyrýar.Onda daşy gurşawy goramaga, turbageçirijileri howpsuz ulanmaga, ýüze çykyp biljek betbagtçylyklaryň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň toplumu göz öňünde tutulýar.

Hususan-da, orag zolaklarynyň çäklerinde ekin meýdanlaryny ýerleşdirmek, ýaşaýyş jaýlaryny, ýollary gurmak gadagan edilýär.

Şunuň bilen baglylykda döwlet baştutany magistarl nebit we gaz geçirijileriniň taslamasyny işläp düzmek, gurmak we senagat taýdan ulanmak, daşky durşaw üçin olaryň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda dünýä tejribesini içgin öwrenmegi tabşyrdy. Energiýa geçirijileriň ýagdaýyna netijeli gözegçilik ulgamyny ýola goýmagyň, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, şol sanda elektron enjamlary we beýleki ýörite abzallary doly ulanmagyň wajyplygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy
18.08.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Owganystanyň üstünden gaz geçiriji gurmak: hakyky proýektmi ýa-da hyýal?
2018-nji ýylda Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürýän kärhana işe giriziler
2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýän kanunlar