1519-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda belli deňiz syýahatçysy Fernan Magellan 5 gämili flota ýolbaşçylyk edip, Ýeriň daşyndan aýlanmak üçin ýol ýykdy.Onuň ýolbaşçylyk edýän flotynda jemi 270 adam bolup, bu syýahaty şowly tamamlandy. Şeýlelikde, Ispan patyşalygynyň goldawy bilen amala aşyrylan bu syýahatda Magellan hem-de onuň kapitan dosty Huan Sebastýan Elkano Ýeriň daşyndan aýlanan ilkinji adamlar boldular. 1519-njy ýylda balan syýahat 1522-nji ýylda tamamlanyp, olar syýahatynyň dowamynda Atlantik, Ýuwaş we Hindi ummanlaryndan geçdi.