Magdançylyk pudagynda Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak

Magdançylyk pudagynda Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak

Magdançylyk pudagynda Eýran-Owganystan hyzmatdaşlygy barha artýar.

Owgan ses gullugynyň (AWA) habaryna görä, penşenbe güni Hyrat welaýatynyň häkimi Mawlawi Nur Ahmad Islamjar bilen Eýranyň bu welaýatdaky baş konsuly Muhammet Seddigifar we Eýranyň Magdançylyk Bileleşiginiň müdiri Bahrami arasynda geçirilen duşuşykda; dag-magdan pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Bahrami bu duşuşykda "Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýynyň ýokarlanmagy bilen Eýran Owganystanyň magdançylyk pudagynda maýa goýmak isleýär" -diýdi.

Hyrat welaýatynyň häkimi Mawlawi Nur Ahmad Islamjar hem bu duşuşykda Eýranyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygyny gymmatly diýip häsiýetlendirmek bilen Eýranyň Owganystanyň känlerinde maýa goýmagyny isledi.

Bir aý öň hem Eýranyň magdançylyk kompaniýalarynyň birisi Owganystanyň magdan känlerinde maýa goýmaga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi, bu bolsa Talyban wagtlaýyn hökümetiniň Senagat we magdan ministrligi tarapyndan garşylandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda sambo we söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
Türkmenistan bilen Eýran Gürgende türkmen önümleriniň sergisini geçirmegi maslahatlaşdylar
Eýran, Günbatar Aziýa sebitinde saglyk pudagynda iň güýçli ýurtdyr
"Mukamlar köşgünde" Aşgabatdan Pariže aýdym-saz "syýahaty" boldy
Wenesuela sanjym öndürmekde Eýranyň tejribesini ulanmagy haýyş edýär
“Sony” awtoulag senagatyna aralaşar